Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Jakartany sil basdy

16:2404.03.2025
0
14259

Indoneziýanyň paýtagtynyň 1200-den gowrak ýaşaýjysy güýçli sil joşguny sebäpli öýlerini terk etdiler. Jakarta Çiliwung derýasynyň suwunyň hanadan agmagy sebäpli gark boldy diýip, «MIR 24» ýazýar.

Şäherde öýleriň birinji gatlary gark boldy, suwuň derejesi 50 santimetrden 1,5 metre ýetýär.

Tebigy betbagtçylyklaryň netijelerini aradan aýyrmak boýunça sebit agentliginiň maglumatlaryna laýyklykda, şäheriň birnäçe etrabynda halas edijiler adamlara howpsuz ýerlere göçmäge kömek edýärler. Göçürilenler wagtlaýyn gaçybatalgalarda gyzgyn nahar, içimlik suw bilen üpjün edilýär diýlip, «Jakarta Globe» habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň