Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe gutlag hatyny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Beýan edilişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýollan hatynda Prezident Kasym-Žomart Tokaýewi Gazagystan Respublikasynyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa we Owganystan üçin durnukly ösüş babatda maksatlar boýunça sebit merkezi» atly Kararnamany kabul etmegi bilen gutlaýar.
Gutlag hatynyň başynda türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary berkitmäge goşýan uly şahsy goşandy üçin Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe tüýs ýürekden minnetdarlygyny beýan edýär.
Şeýle-de Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň bitaraplyk daşary syýasat ugruny, onuň Ýer ýüzünde parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmäge, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryny pugta we üýtgewsiz goldaýandygy üçin hem gazak Liderine minnetdarlyk bildirýär.
— Biz Türkmenistanda gazak diplomatiýasynyň nobatdaky ýeňşi — Gazagystan Respublikasynyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa we Owganystan üçin durnukly ösüş babatda maksatlar boýunça sebit merkezi» atly Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilendigi baradaky habary buýsanç we ruhubelentlik bilen kabul etdik. Türkmenistanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Sizi we Gazagystanyň halkyny bu möhüm taryhy waka bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn — diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri hatynda ýazýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle-de depginli ösýän we täzelenen Merkezi Aziýany döretmek, Owganystana hemmetaraplaýyn goldaw bermek maksady bilen, sebitiň ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen bu Kararnamanyň şeýle işlere BMG-niň gatnaşmagy üçin täze mümkinçilikleri hem açjakdygyna ynanýandygyny nygtaýar.
— Bu Kararnamanyň Baş Assambleýa tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen ýylda kabul edilmegi guwandyryjydyr. Biz munda aýratyn manyny, Türkmenistanyň we Gazagystanyň BMG-de bilelikdäki hereketleriniň sazlaşykly we utgaşykly ugruny görýäris — diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri hatynda belleýär.
Gutlag hatynyň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe berk jan saglyk, döwlet we halkara işlerinde uly üstünlikleri, doganlyk gazak halkyna bolsa parahatçylyk, bagtyýarlyk, abadançylyk hem-de gülläp ösüş arzuw edýär.