Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Eýranyň Prezidenti türkmen halkyny mukaddes Oraza aýynyň ýetip gelmegi bilen gutlady

11:2210.03.2025
0
5016

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa gutlag hatlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti ýollan hatlarynda Türkmenistanyň Prezidentini, Halk Maslahatynyň Başlygyny we ähli türkmen halkyny mukaddes Remezan aýynyň ýetip gelmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýar.

— Remezan aýy adamzadyň we dünýäniň ýaradylyşy barada oýlanmagyň, Biribaryň emirlerini berjaý etmegiň, howandarlyga mätäçlere hemaýat etmegiň aýydyr. Bu mübärek aýyň berekedi hem-de bilelikdäki tagallalaryň netijesinde musulman ymmatynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyryljakdygyna ynanýaryn — diýip, Prezident Masud Pezeşkian hatynda ýazýar.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti hatynyň ahyrynda ähli musulman ymmatyna rowaçlyk, abadançylyk arzuw edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň