Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Sözleýşi ösdürmek we enjamlar: tehnologiýalar çaganyň sözlük goruna nähili täsir edýär?

2
5397

Häzirki wagtda dünýä ýüzünde çagalar barha sanly giňişlige aralaşyp, elektroniki enjamlary gündelik durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwürýärler. Şeýle bolansoňam, bu tehnologiýalaryň ýaş nesliň gepleýşiniň we sözlük gorunyň döremegine edýän täsiri bilen bagly örän tebigy we kanunalaýyk sorag ýüze çykýar.

Şu mesele bilen baglylykda, «Я-Логопед» sözleýiş düzediş merkezleri ulgamynyň direktory Natalýa Abuzarowa sanly tehnologiýalaryň çagalaryň ösüşine ýetirýän täsiri barada «Weçernaýa Moskwa» gazeti bilen pikirlerini paýlaşdy.

Tehnologiýanyň täsiri astynda aragatnaşyk endikleriniň üýtgemegi

Wirtual kömekçiler ýa-da çat-botlar bilen işlenilende çagalar çylşyrymly söz düzümlerini özleşdirmeýärler, pikirlerini düzmek hem-de sözlemek endiklerini ösdürmeýärler. Çagalar pikirlerini takyk beýan etmek endiklerini ösdürmegiň deregne söz düzüminiň ösüşini çäklendirýän ýönekeý ses buýruklaryny bermäge öwrenişýärler.

Adaty bir mysal — tekst habarnamalaryny emoji we beýleki wizual nyşanlar bilen çalyşmak. Çagalara dogry sözleri saýlanyndan, duýgularyny surat bilen ýetirmek has aňsat bolýar.

Söz düzüminiň üýtgemegi

Tehnologiýa täze sözlere ýol açsa-da, bu sözlük düzümi köplenç işjeň däl bolup galýar. Çagalar programmalarda we oýunlarda belli bir adalgalar ýa sözler bilen ýüzbe-ýüz bolsalar-da, ýöne hakyky durmuşy gepleşiklerde olary dogry ulanyp bilmeýärler. Şuny bilmek zerur: baý sözlük goruň bar bolsa, diňe bir köp sözi bilmek bilen çäklenmän, eýsem olary dürli şertlerde dogry ulanmak ukybyň hem bolmalydyr.

Ünse we ünsüňi jemlemege ýetirýän täsiri

Wagtynyň köp bölegini ekranyň öňünde geçirýän çagalar kitap okamak ýa-da logiki meseleleri çözmek ýaly az-kem uzak wagty talap edýän işleri ýerine ýetirmekde kynçylyk çekýärler. Mobil goşundylary ýygy-ýygydan çalyşmak we gysga wideolara tomaşa etmek gysga wagtlyk üns bermek endigini döredýär.

Munuň özi maglumatlary çuňňur gaýtadan işlemegi we täze söz baýlygyny öwrenmegi hem-de sözleýişde işjeň ulanmagy kynlaşdyryp biler. Çaga maglumat akymlarynyň çalt üýtgemegine öwrenişip, söhbetdeşini üns bilen duýmak we aragatnaşygyň hiline täsir edýän manyly okamak ukybyny ýitirýär.

Sanly döwürde sözleýiş ösüşini goldamagyň ýollary

Sanly enjamlaryň çagalaryň gepleýşiniň ösüşine ýetirýän ýaramaz täsirini azaltmaga ýardam edýän birnäçe täsirli usullar bar:

- çaganyň ekranyň öňünde geçirýän wagtyna gözegçilik etmek.

- çaganyň ene-atalary we deň-duşlary bilen ýygjam aragatnaşykda bolmagy.

- okamak çaganyň söz baýlygyny baýlaşdyrmak üçin iň täsirli gurallaryň biri bolmagynda galýar. Onuň sözleýşi ösdürmekdäki täsiriniň ornuny tutjak zat ýok diýen ýalydyr.

Peýdalanylan çeşme: https://vm.ru/ 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar