Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistandan 289 zyýaratçy Mekge-Medinä zyýarata iberiler

23:4816.05.2025
0
28591

2025-nji ýylyň 31-nji maýy — 23-nji iýuny aralygynda haj parzyny berjaý etmek üçin, Türkmenistandan 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün degişli Buýruga gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, resminama bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligine zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna eltmek we yzyna getirmek üçin howa gämisiniň ýörite gatnawynyň «Türkmenhowaýollary» agentliginiň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylmagyny guramak tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň