Awstraliýanyň günorta-gündogarynda güýçli sil joşguny hasaba alyndy, Täze Günorta Uelsdäki sil akymyna uzak dowam eden çabga ýagynlary sebäp boldy. 300 adam göçürildi, ýene 50 müň adam uly suw sebäpli daşky dünýäden üzňe galdy diýip, «MIR 24» habar berdi.
Ýagdaý has-da ýurduň Tari, Uingem we Glenthorn diýen ýerlerinde çylşyrymly. Ol ýerlerde öýler üçegine çenli suw basdy. Halas ediş işlerini 40 sany topar alyp barýar. Emma olar yzyny kesmän gelýän suw akymlaryna hötde gelip bilmeýärler. Güýçli çabgalar eýýäm iki hepde bäri dowam edýär. Menning derýasynyň suwunyň derejesi asyrlyk rekordy täzeläp, 6 metrden hem geçdi.
Ýurduň howa maglumaty gullugy ýagyşly howanyň öňdäki dynç günlerine çenli dowam etjekdigini çaklaýar, çabgalar ýene-de 16 müň adamy gabawa düşürip biler diýlip, habarda bellenýär.