Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hindistanda 23 ýaşly galp gelinlik ýedi aýda 25 ýigidi aldady

14:3322.05.2025
0
4106
Hindistanda 23 ýaşly galp gelinlik ýedi aýda 25 ýigidi aldady
Surat: Vfokuse.mail.ru

Hindistanda 23 ýaşly Anuradha Paswany nika kezzaplygynda şübhelenip sakladylar. Ol ýurduň dürli ştatlarynda 25 sany ýigide durmuşa çykmakda aýyplanýar. Gyza «ogry gelinlik» (loot-and-scoot bride) diýip at berdiler. Bu barada «The Economic Times» neşirine salgylanýan «vfokuse.mail.ru» gürrüň berýär.

Köpsanly kezzaplykda aýyplanýan gyzy iş üstünde tutdular, munuň üçin poliseýleriň biri nobatdaky öýlenjek ýigidiň keşbini ýerine ýetirdi.

Deslapky maglumatlara görä, adamsy bilen aýrylyşandan soňra Paswan başga şähere gidip, jenaýatçylykçy topara goşulypdyr. Olar dürli internet meýdançalar, meselem, «WhatsApp» arkaly hereket edip, sallah erkeklere gelinlik tapmagy wada beripdirler.

Paswan özüni şeýle gelinligiň keşbinde tanadypdyr: ol nobatdaky erkek kişä durmuşa çykypdyr, toýdan birnäçe gün soňra onuň ähli puluny, gyzyl şaý-seplerini we elektronika enjamlaryny ogurlap gaçypdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň