Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Hytaýyň Ýaşlar, ylym we tehnologiýa alyş-çalyş merkezine baryp gördi

16:0622.05.2025
0
3115
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Hytaýyň Ýaşlar, ylym we tehnologiýa alyş-çalyş merkezine baryp gördi
Surat: Türkmenistanyň Mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Pekin şäherindäki Sun Sinlin adyndaky Ýaşlar, ylym we tehnologiýa alyş-çalyş merkezinde boldular.

Türkmenistanyň Mejlisiniň saýtynda berilýän habara görä, merkezde Sun Sinlin adyndaky gaznanyň çagalaryň saglygyny berkitmek babatda alyp barýan işleri bilen tanşyldy.

Sun Sinlin adyndaky gaznanyň işi bilen tanyşlygyň dowamynda hytaý tarapy Türkmenistandaky Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işlerine ýokary baha berdiler we geljekde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada aýratyn nygtadylar.

Şeýle-de dürli ugurlarda ýola goýulýan we uzak geljegi nazarlaýan türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň parlamentler derejesinde goldanylmagynyň dostlukly gatnaşyklaryň yzygiderli kämilleşmegine oňyn täsir edýändigi barada bellenildi.

Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň mart aýynda Hytaý Halk Respublikasynyň Sun Sinlin adyndaky gaznasynyň başlygynyň orunbasary hanym Şen Beili Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli Arkadag şäherinde geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahata gatnaşypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň