Top.Mail.Ru

Uruş weteranlaryna 200 manat pul we gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar

23:3303.05.2025
0
70778

Welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimlikleri 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 200 manat möçberde pul sowgadyny hem-de gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurmaga borçly edildi. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Permana gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, resminama 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň söweşlerde görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygyny hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken ak saçly eneleriň görkezen nusgalyk edermenligini hormatlap, olaryň ýaş nesilleri watançylyk, gahrymançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde we halkyň agzybirligini, jebisligini berkitmekde alyp barýan asylly işlerini, ýurtda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge goşýan goşantlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň