Lebap welaýatynyň pileçileri şu ýylky pile tabşyrmak baradaky tabşyrygy üstünlikli ýerine ýetirdiler. Netijede 1 müň 10 tonna pile taýýarlanyldy. Bu barada türkmen metbugatynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, eýýäm welaýatda meýilnamadan daşary 30 tonnadan gowrak pile taýýarlanyldy. Çärjew, Halaç, Dänew, Kerki etraplarynyň ýüpekçileri möwsümde öňdebaryjylar hökmünde hemmä nusga bolmagy başardylar. Olaryň arasynda çärjewli ýüpekçileriň gazanan netijesi has-da ýokary boldy. Harmana 261 tonna pile goşmagy başaran bu etrabyň ýüpekçileri welaýatda iň ýokary netijäni gazandylar.
Şu ýyl welaýatda 300 — 400 kilogram pile taýýarlan ýüpekçileriň sany öňki ýyllara garanyňda has-da köp. Kerki etrabynyň «Mürzebeggala», «Hatap», «Gyzylaýak», Halaç etrabynyň «Çohpetde», «Magtymguly», «Lebap» daýhan birleşikleriniň ýüpekçileri möwsümiň öňdebaryjylary boldular diýlip, habarda bellenilýär.