Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen Berk–Metal: kir ýuwujy serişdäni nädip saýlamaly

10:2222.05.2025
0
4914

Kir ýuwujy serişdäni saýlamak ýönekeý bir iş ýaly bolup görünmegi mümkin, ýöne dogry çemeleşmek eşikleriň arassalygyny üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, matalaryň hilini we maşgala býujetini hem gorap biler. «Türkmen Berk–Metal» kompaniýasynyň bilermenleri dogry kir ýuwujy serişdäni nädip saýlamalydygy barada türkmen öý hojalykçylaryna maslahatlaryny berýärler.

Serişdäni saýlamakda ilkinji ädim ýuwmagyň görnüşini kesgitlemekdir. Awtomatiki kir ýuwýan maşynlar üçin az köpük emele getirýän we enjamlaryň döwülmeginiň öňüni alýan «awtomat» bellikli serişdäni ulanmaly. Elde ýuwmak üçin köp mukdarda köpürjik döredýän kir ýuwujy serişdeler amatlydyr.

Indiki möhüm şert – matanyň görnüşi we hapalanma derejesi. Ýüpek we ýüň ýaly näzik matalar üçin ýörite ýumşak serişdeleri ulanmak maslahat berilýär. Çagalaryň egin-eşigi ýa-da iş eşigi ýaly çalt hapalanýan matalary ýuwmak üçin düzüminde tegmilleri aýryjy we agardyjy (ak zatlar üçin) komponentleri bolan güýçlendirilen formulaly serişdeleri saýlamak has gowudyr. Reňkli geýimler üçin reňkleriň ýagtylygyny saklaýan kir ýuwujy serişdeleri ulanmalydygyny ýatdan çykarmaly däldir.

Hususy zerurlyklary hem ýatdan çykarmaly däldir. Derisi duýgur adamlar üçin ýiti hoşboý ysy we agressiw komponentleri bolmadyk gipoallergen serişdeler bardyr.
tygşytlylyk hem möhüm ähmiýete eýedir. Konsentrirlenen kir ýuwujy serişdeler has haýal sarp edilýär, bu bolsa olary uzak möhlet üçin has amatly edýär.

«Türkmen Berk–Metal» kompaniýasy dürli zerurlyklary we mata görnüşlerini kanagatlandyrmak üçin döredilen kir ýuwujy serişdeleri hödürleýär, bu bolsa her bir öý hojalykça egin-eşikleriň arassalygy we howpsuzlygy üçin iň amatly çözgüdi tapmaga mümkinçilik berýär.

Habarlaşmak üçin:

  • salgysy: Aşgabat, G.Kuliýew, 56-njy jaý;
  • telefonlar: (+993 12) 59 51 92, (+993 64) 32 46 89, (+993 12) 76 18 60;
  • web-saýt: turkmenberk-metal.com;
  • sosial ulgamdaky sahypasy;
  • elektron poçta: tberkmetal@gmail.com.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň