Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Lebap welaýatynda uçurymlaryň 21 müňden gowragy orta mekdepleri tamamlaýarlar

12:5922.05.2025
0
2992
Lebap welaýatynda uçurymlaryň 21 müňden gowragy orta mekdepleri tamamlaýarlar
Surat: Türkmenistan: Altyn Asyr

Lebap welaýaty boýunça umumybilim berýän orta mekdepleriň 397-si hereket edip, olarda mugallymlaryň 21 müň 640-a golaýy ýaş nesilleriň 337 müň 190-dan gowragyna bilim-terbiýe berýär.

«Altyn asyr» elektron gazetinde berilýän habara görä, tamamlanyp barýan 2024-2025-nji okuw ýylynda uçurymlaryň 21 müň 353-si orta mekdepleri tamamlap, durmuşa ýollanma alarlar. Öňümizdäki täze okuw ýylynda bolsa orta mekdepleriň 1-nji synplaryna körpeleriň 24 müň 230-dan gowragy kabul ediler.

Welaýatyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde, mekdep-internatlarynda üstümizdäki okuw ýylyny üstünlikli tamamlamak, synaglary guramaçylykly geçirmek hem-de Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2025-nji ýylyň 24-nji martyndaky «2024-2025-nji okuw ýylyny tamamlamak we synaglary geçirmek hakyndaky» buýrugyny ýerine ýetirmek maksady bilen sazlaşykly işler alnyp barylýar.

Welaýatyň okuwçylary okuw ýylynyň dowamynda halkara ders, taslama we internet bäsleşiklerinde, şeýle hem orta mekdepleriň 11-nji we 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda okuw dersleri boýunça geçirilen «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly bäsleşigiň döwlet tapgyrynda gowy netijeleri görkezýärler. Polşa döwletinde mart aýynda geçirilen FISO bäsleşiginde, ýagny, Halkara bilim olimpiadasynda welaýatyň ýaş zehinleriniň altyn medallarynyň 91, kümüş we bürünç medallaryň degişlilikde 76 we 46-syna eýe boldular.

Şu ýylyň maý aýyna çenli halkara derejesinde geçirilen internet bäsleşiklerinde I derejeli diplomlaryň 945-sine, 2-nji we 3-nji derejeli diplomlaryň hem degişlilikde 31 we 21 sanysyna eýe boldular. Bu üstünlikde Türkmenabat şäherindäki 41-nji hem-de 39-njy, Dänew etrabyndaky 18-nji, Köýtendag etrabyndaky 28-nji we 29-njy, şeýle hem Saýat etrabyndaky 8-nji orta mekdepleriň zehinli okuwçylarynyň tapawutlanandygyny ýatlap geçmek möhümdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň