Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk görülýär

14:1618.05.2025
0
19742

Sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Orazdurdyýewa çagalaryň we ýetginjekleriň tomusky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hem hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurduň çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsümini talabalaýyk geçirmek üçin zerur şertler döredilýär. Möwsümde çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde dürli medeni-köpçülikleýin we sport-sagaldyş çärelerini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Bilim ministrliginde Çagalaryň we ýetginjekleriň tomusky dynç alşyny guramak boýunça toparyň mejlisini geçirmek we bu mejlisde çagalaryň tomusky dynç alşynyň talabalaýyk guralmagy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurtda ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy we gowy dynç almagy üçin ähli şertleriň döredilýändigini belledi.

Döwlet Baştutany wise-premýere Gökderede we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, şeýle hem welaýatlarda hereket edýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde çagalaryň we ýetginjekleriň mynasyp dynç almagy hem-de wagtyny peýdaly geçirmegi üçin tomusky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy. Bu barada TDH ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň