Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Alym ömrüň dowamlylygyny kesgitleýän üç ýagdaý barada aýtdy

17:0322.05.2025
0
4382
Alym ömrüň dowamlylygyny kesgitleýän üç ýagdaý barada aýtdy
Surat: Zayava.info

Ömrüň dowamlylygy genler bilen diňe 25 göterim baglydyr. Şunda ýene 25 göterimi adamyň irki çagalyk döwründe ýaşan durmuş we maliýe şertleri kesgitleýär. Emma ömrüň dowamlylygyna iň esasy täsir edýän sagdyn ýaşaýyş ýörelgesidir.

Bu barada Russiýanyň Pirogow uniwersitetiniň Russiýa gerontologiýa ylmy-kliniki merkeziniň Garrylygy öwrenmek institutynyň ylmy işgäri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty Mihail Bolkow gürrüň berdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

«Soňky 200 ýylda adam ortaça alnanda iki esse uzak ýaşap başlady. Muňa ilkinji nobatdak durmuş, zähmet, arassaçylyk şertleriniň gowulanmagy sebäp boldy. Soňra antibiotikler, sanjymlar, soňky onýyllykda bolsa iň howply ýagdaýlary ýeňip geçmäge mümkinçilik berýän elýeterli ýokary tehnologiýaly lukmançylyk kömegi peýda boldy» diýip, Bolkow düşündirdi.

Ylmy barlaglar giňden ýaýran uzak ýaşamagyň miras geçijiligi baradaky garaýşy gitdigiçe ýalana çykarýar. Ylmy işler genetikanyň uzak ýaşamakda çak edilişinden az ornunyň bardygyny görkezýär.

Hünärmen uzak ýaşamakda adamyň özüni alyp barşynyň, endikleriniň we durmuş stiliniň wajyp orun tutýandygyny sözüniň üstüne goşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň