Geçen aprel aýynda Russiýa hytaý ýeňil awtoulaglaryny iň köp satyn alýan ýurt hökmünde ornuny elden giderdi. Russiýa Federasiýasy bu babatda altynjy orna düşdi diýip, HHR-iň Gümrükhanasyna salgylanýan «rg.ru» habar berdi.
Geçen aýda Russiýada hytaý ýeňil awtouaglarynyň satuwlary pul aňlatmada 16,2 göterim ýitirdi we bu 507,1 million dollara deň boldy. Mart aýynda bolsa, bu görkeziji 605 mln dollara deň boldy.
Netijede, Braziliýa sanawda ilkinji orunda ýerleşdi, bu ýurt hytaý awtouaglarynyň importyny 1,5 esse (597,7 million dollar) köpeltdi. Ilkinji üçlüge şeýle hem Belgiýa we Meksika girdi.