Bütindünýä bilim forumyna gatnaşmak maksady bilen Londonda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň wekiliýeti halkara bilim guramalarynyň we tehnologik kompaniýalaryň öňdebaryjy wekilleri bilen birnäçe möhüm ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berdi.
«Times Higher Education» («THE») guramasynyň Ýakyn Gündogar we Afrika boýunça prezidenti Nik Dewis bilen geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň halkara akademiki giňişlige gatnaşygyny giňeltmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşykda Türkmenistanyň 2052-nji ýyla çenli ýokary bilimiň ösüş strategiýasy boýunça alnyp barylýan işler hem aýratyn bellenildi.
Nik Dewis bu strategiýanyň halkara ülňülere laýyklykda işlenilýändigini belledi we «THE-niň» Türkmenistan bilen ýokary bilimi ösdürmek strategiýalarynyň dürli ýurtlardaky tejribesi boýunça barlag netijelerini paýlaşmaga taýýardygyny aýtdy.
«THE» akademiki reýtingler boýunça dünýäde ykrar edilen lider bolup, ol her ýyl dünýä uniwersitetleriniň reýtinglerini neşir edýär. Onuň reýtingleri ÝOM-larda ylmy makalalaryň çap edilmegi, halkara hyzmatdaşlyk derejesi, mugallymçylyk hil derejesi, uçurymlaryň işe ýerleşmek mümkinçiligi ýaly esasy görkezijilere esaslanýar.
«Pearson» kompaniýasynyň Merkezi we Gündogar Ýewropa hem-de GDA ýurtlary babatda bilim boýunça direktory Arek Ýaworski bilen geçirilen duşuşykda bilimleriň halkara taýdan tassyklanylmagy, döwrebap diagnostiki we baha beriş gurallarynyň ornaşdyrylmagy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. «Pearson» — bilim mazmuny we halkara sertifikasiýasy babatda dünýä lideridir, dünýäniň 75-den gowrak döwleti we müňlerçe bilim edaralary bilen hyzmatdaşlyk edýär.
«Google» kompaniýasynyň wekili Kris Hart hem-de «Google for Education-yň» wekilleri bilen bolan duşuşykda «Google for Education» çözgütleriniň Türkmenistanyň bilim ulgamyna integrasiýasy mümkinçiligine garaldy.
Dünýäniň 300-den gowrak uniwersiteti we kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk edýän onlaýn bilim platformasy «Coursera-nyň» döwlet hyzmatdaşlyklary boýunça ýerine ýetiriji direktory Ewgeniýa Ýarina bilen geçirilen duşuşykda hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary boýunça teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, «Coursera» netijeli bilim mazmunyny taýýarlamak boýunça usulyýet tekliplerini işläp taýýarlamakda dünýä tejribesi boýunça maglumat bermäge taýýardygyny aýtdy.
Umuman alanyňda, geçirilen duşuşyklar halkara hyzmatdaşlaryň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändigini we ýurduň dünýä bilim giňişligindäki ornuny berkitmäge taýýardyklaryny görkezdi diýlip, habarda bellenilýär.