Häzirki wagtda Mary welaýatynda ak ekinlere ideg etmek bilen utgaşyklylykda, galla oragyna taýýarlyk işleri-de giňden ýaýbaňlandyrylýar. Bu barada türkmen metbugatynda habar berildi.
«Maryobahyzmat» önümçilik birleşiginiň etraplardaky önümçilik kärhanalarynda galla oragyna gatnaşjak kombaýnlary, beýleki tehnikalary we oba hojalyk gurallaryny öňde duran jogapkärli möwsüme taýýarlamak işleri sazlaşykly alnyp barylýar.
Orak möwsümine welaýat boýunça 350 sany galla orýan kombaýny taýýarlamak meýilleşdirilipdir. Şolaryň 300-si «CLASS», 41 sanysy «John Deere», 9-sy hem «New Holland» kysymly ýokary öndürijilikli daşary ýurt tehnikalarydyr.
Habarda bellenilişi ýaly, Mary welaýatynyň gallaçylary geçen ýylyň güýzünde şu ýylyň hasyly üçin 170 müň gektar meýdana bugdaý tohumyny sepdiler. Ekişi öz wagtynda, agrotehnikanyň kadalaryna laýyk derejede geçiren daýhanlar oňat gögeriş aldylar diýlip, habarda bellenilýär.