Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň biržasynda ABŞ bilen suwuklandyrylan gaz boýunça geleşikler baglaşyldy

10:2721.05.2025
0
9929

Sişenbe güni Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda daşarky we içerki bazarlarda birnäçe geleşikler baglaşyldy.

Amerikadan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserni bilen suwuklandyrylan gazy satyn almak barada geleşige gol çekdiler – diýip, TDHÇMB-niň saýtynda habar berilýär.

Içerki bazaryň çäklerinde ýerli telekeçiler şol konsern bilen «BND 60/90» kysymly ýol bitumyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Şeýle hem ýerli kärhanalardan türkmen el halysyny satyn almak barada geleşiklere gol çekdiler.

Biržadaky söwdalaşyklaryň barşynda jemi 10 004 707,46 manada we 275 600,00 ABŞ-nyň dollaryna barabar bolan 5 geleşik baglaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň