Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

XX asyryň 6 sany iň uly we hasratly tehnogen heläkçiligi

0
50842

XX asyr tehnologiýalaryň örän çalt depgindäki ösüşi bilen tapawutlandy. Emma şeýle depginli öňegidişlik bilen täze howplar hem ýüze çykdy. Geçen ýüzýyllykda adamzadyň dünýäni sarsdyran esasy betbagtçylyklary siwilizasiýamyzyň gowşakdygyny we hatda iň ösen tehnologiýalaryň hem bize garşy çykyp biljekdigini äşgär etdi. Bu makalada adamzat taryhynda çuňňur yz goýan iň uly we pajygaly bolup geçen 6 sany heläkçilige seredip geçeris.

Çernobyl atom elektrik stansiýasyndaky heläkçilik adamzat taryhynda ýadro energiýasy pudagynda bolup geçen iň uly heläkçilik hasaplanýar. Köp sanly adam pidalaryna getiren bu waka 1986-njy ýylyň 26-njy aprelinde ýadro desgasynyň dördünji elektrik bölüminde weýrançylykly partlama sebäpli bolup geçdi. Bu heläkçilikde gönüden-göni 50 adam wepat bolan hem bolsa, onuň uzak möhletli radiasiýa täsiri Hirosimanyň atom bombasy arkaly weýran edilmeginiň täsirinden hem ýokary boldy.

Hünärmenler bu betbagtçylygyň sebäplerini we günäkärlerini henizem seljerýärler we ol barada dürli jedelli pikirler öňe sürülýär. Betbagtçylygyň täsiriniň gerimi şeýle uly bolup, dürli ylmy çaklamalara görä, birnäçe müň adamyň ölümine we on müňlerçe agyr keseliň döremegine sebäp boldy.

Bhopal pajygasy adam pidalarynyň sany boýunça iň uly tehnogen betbagtçylyk hökmünde ykrar edildi. 1984-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Hindistanyň Bhopal şäherindäki pestisid zawodynda rezerwuarlaryň aşa gyzmagy 40 tonnadan gowrak zäherli himiki metilizosiýanatyň atmosfera çykmagyna sebäp boldy. Şonda iň agyr zyýan çeken sebitler gür ilatly ýerler we golaýdaky demir ýol menzili boldy.

Dürli hasaplamalara görä, ölenleriň sany 18 — 30 müň adam aralygynda bolupdyr. Heläk bolanlaryň köpüsi zäherlenmeden birnäçe ýyl soň ýogalypdyr, heläkçilik bolan gününde, takmynan 3000 adam ölüpdir. Kärhana eýeçilik edýän “Union Carbide” amerikan kompaniýasy ejir çekenlere we olaryň maşgalalaryna ýarym milliard dollar möçberinde pul kömegini tölemäge mejbur bolupdyr. 

Beýleki tehnogen betbagtçylyklaryň hatarynda Hytaýyň Henan welaýatyndaky Bansiao bendiniň döwülmegini hem bellemek bolar. 1975-nji ýylyň 8-nji awgustynda Nina taýfuny gidrawliki gurluşyň weýran bolmagyna, 12 müň inedördül kilometr meýdanyň suw basmagyna sebäp boldy. Müňýyllyk möhlet bilen kepillendirilip gurlan bu bent tebigy betbagtçylyga düýbünden taýýar däl eken.

Resmi statistika munda 26 müň adamyň ölendigini habar berýär. Resmi däl maglumatlara görä, epidemiýa we açlyk 170 — 230 müň adamyň ölmegine sebäp bolýar. Betbagtçylyk 300 müň baş mal we 6 milliona golaý ýaşaýyş we söwda binasyny ýykdy. Henan welaýaty diňe 18 ýyldan soň pajyganyň netijelerinden saplandy.

Ýaponiýanyň Minamata şäherinde bolup geçen betbagtçylyk taryhdaky iň uzak dowam eden we çylşyrymly ekologiýa heläkçilikleriniň biri boldy. “Chisso” himiýa kompaniýasy onlarça ýyllap katastrofiki täsirlerini hiç nazarda tutmazdan simaby ýerli aýlaga guýýar. Ilkinji duýduryşlar 1956-njy ýylda — haçanda ýaşaýjylar pişikleriň geň-täsin hereketlerine göz ýetirdiler: bu jandarlar sebäpsiz towlanyp, köp ölýärdiler we tiz wagtdan şuňa meňzeş alamatlar adamlarda ýüze çykyp başlady.

Ylym zäherlenmäniň mehanizmini düşündirdi: organiki däl simap deňiz durmuşy tarapyndan siňdirilen aýratyn howply metilsimaba öwrülýär. Ýerli ýaşaýjylar hapalanan aýlagdan balyk we ustrisa iýmek bilen kesellediler. Toksinleriň çeşmesiniň kesgitlenendigine garamazdan, önümçilik 1968-nji ýyla çenli dowam etdi.

Resmi statistika “Minamata keseliniň” 2 200 adam pidasyna sebäp bolandygyny tassyklaýar, ýöne resmi däl çeşmeler pidalaryň sanynyň 17 000 adama ýeten bolmagyny çaklaýar.

Äpet duman. 1952-nji ýylyň gyşynda britan paýtagtyny ölüm howply atmosfera hadysasy gurşap aldy. Birnäçe faktorlaryň utgaşmasy daşky gurşawyň betbagtçylygy üçin şertleri döretdi: ýyladyş, senagat zyňyndylary we howa şertleri üçin kömüri intensiw ulanmak, ýeliň we temperatura inwersiýasynyň bolmazlygy.

Resmi maglumatlara görä, şonda bäş günüň içinde 6 müň adam pida boldy, ýene 100 müň adam saglyk ýagdaýy beterleşip kynçylyk çekdi. Lukmanlar dumanyň ilatyň ejiz toparlaryny — ýaşulylar, bäbekler we dowamly keselleri bolan hassalar üçin has howply bolandygyny anykladylar. Soňraky geçirilen gözlegler bolsa pidalaryň umumy sanynyň 12 müň adama ýeten bolmagyny çaklady.

Britan hökümetiniň bu betbagtçylyk bilen bagly gelen netijesi — geljekde şuňa meňzeş daşky gurşaw betbagtçylygynyň bolmagynyň öňüni almak üçin Arassa howa baradaky Kanuny kabul etmek boldy.

1947-nji ýylyň 16-njy aprelinde Tehas-Siti portunda bolup geçen waka hem az heläkçilikli bolmady. 2 müň tonna ammiak selitrasyny alyp barýan fransuz “Grandcamp” gämisi ot alyp, uly partlama getirdi. Zynjyr reaksiýasy diňe bir portuň özüni däl, eýsem şäheriň hem bir bölegini, beýleki gämileri we nebit saklaýyş desgalaryny-da ýok etdi.

Adam pidalary kän boldy: 581 adam ölüp, 5 müň töweregi adam ýaralandy. Gözlegler partlaýjy maddalary daşamakda we saklamakda yzygiderli düzgün bozulmalarynyň ýüze çykandygyny anyklady. Amerikanyň taryhynda ilkinji gezek ejir çekenler bu meselede hökümete garşy kazyýet işini gozgap, millionlarça dollar kompensasiýa aldylar.

Peýdalanylan çeşmeler: www.mining-portal.ru

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar