Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Çaganyň okuwa ýetişiksiz bolmagynyň ýedi sebäbi

0
36885

Okuw ýyly ortalaryna geliberende bu işe gatnaşýan hemmeler — mugallymlaram, okuwçylaram ýadaýar. Ýöne näme üçindir käbir çagalaryň okuw sapaklaryna ýetişigi birden peselýär? Munuň özüne ýetesi sebäbi bar, pes bahalaryň aňyrsynda köpimize düýbünden görünmeýän sebäpler bolup biler. Psiholog we mugallym Sofiýa Worobýowa MEL.FM bilen okuwçylaryň ýetişigine täsir edýän we ene-atalaryň köplenç bilmezden ünsden düşürýän ýedi sany faktory barada paýlaşdy.

Okuw — bu çagalaryň ene-atalaryndan çynlakaý öwgi alýan ýeke-täk zadydyr

Çaganyň okuwda gazanan üstünlikleri üçin ony yzygiderli öwmek çaga bilen rehimsiz degişme oýnuny oýnap biler. Beýle ýagdaýda ene-atasyny lapykeç etmezlik üçin çaga ýalňyşlyklardan we kyn işlerden gorkup başlar. Çaga ýalňyşlyklaryň adatydygyna, şeýle hem onuň özüni diňe ajaýyp bahalary üçin däl-de başga netijeleri üçin hem öwýandiklerine düşünmelidir. Çaganyň surat çekmek, sport ýa-da dostlaryna kömek etmek ýaly beýleki işlerinde hem goldaw bermek möhümdir.

Dürli ukyplar

Her bir çaga beýlekilerden tapawutlydyr, özboluşlydyr hem-de onuň öz öwreniş tizligi bardyr. Çagaňyzy beýlekiler bilen deňeşdirmeli däl. Muňa derek dürli okuw oýunlaryny we meselelerini hödürläp, öz ukyplaryny açmaga kömek ediň. Çagaňyz öwrenmekde kynçylyk çekýän bolsa, hünärmenlerden maslahat soraň.

Ene-atalar çagasynyň öý işlerini bilelikde ýerine ýetirýärler

Okuwçylar käwagt öý işlerini ýerine ýetirenlerinde hakykatdanam kömege mätäç bolýarlar. Esasanam, başlangyç synplarda okaýan çagalar mugallymyň düşündirişlerine birbada düşünip bilmezler ýa-da sapak wagtynda ünsüni sowup bilerler. Şelýe hem olar öz wagtlaryny dolandyrmakda kynçylyk çekýärler. Beýle ýagdaýda çaga ýardam etmek hem azda-kände gerekdir welin, ene-atalaryň wezipesi öý işlerini ýerine ýetirmek üçin jogapkärçiligi kem-kemden çaganyň özüne bermek bolmalydyr. Hawa, çaga başda ýalňyşlyk goýberip biler ýa-da tabşyryklary asla ýerine ýetirip bilmez, ýöne bu oňa hereketleriniň netijeleri bilen ýüzbe-ýüz bolmaga mümkinçilik berer. Ýanynda oturmaly, zerur bolanda kömekleşmeli, ýöne çaga üçin hemme zady etmek ýalňyşdyr. Galyberse-de, öýe berilýän ýumuşyň esasy maksady okuwça jogapkärli bolup, bilimlerini özbaşdak seljermegi öwretmekdir.

Özara täsiriň ýetmezçilik etmegi

Çagaňyz kanagatlanarsyz baha alanda, oňa käýinmek ýa-da munuň üçin başga birini günäkärlemegiň ýerine ýalňyşlygyň sebäbini tapmaga synanyşyň. Adaty “Bu nädip beýle bolýarka?” ýa-da “Bularyň hemmesi telefon sebäpli!” diýen düşünjeleriňizi unudyp, çaga üçin haýsy anyk meseleleriň kynçylyk döredendigi bilen gyzyklanyň. Näme üçin käbir meselelerde onuň ýalňyşlyk goýberendigini jikme-jik mysallaryň üsti bilen düşündiriň. Bu çaganyň öz kemçiliklerine düşünmegine we olary düzetmäge synanyşmagyna kömek eder. Eger çaga aýdýanlaryňyza azajyk düşünse hem, indiki gezek ýene ýalňyşlyk goýberse-de, ýalňyşmagyny azaltsa-da, bu onuň peýdasyna bolar. Galyberse-de, bu onuň ýalňyşlyklaryny seljerýändigini we gaýtalanmazlyga synanyşýandygyny aňladýar.

Çaganyň başga gyzyklanmalary bar

Ýetginjekleriň hemmesi diýen ýaly okamakdan ötri dostlary bilen wagt geçirmek, täze güýmenjeleri tapmak, trend bolýan zatlar bilen gyzyklanmak islegi bilen ýaşaýarlar. Bu olaryň ýaşy üçin örän laýyk gelýän we mahsus ýagdaý. Bu ýerde meseläniň kyny ýetginjek güýmenje bilen mekdep dersleriniň arasyndaky baglanyşygy görmeýän ýagdaýynda ýüze çykýar. Şunda ene-atalaryň wezipesi çagalara sapaklarda alnan bilimleriň durmuşda nähili peýdaly bolup biljekdigini düşündirmekdir. Mysal üçin, çagaňyz kompýuter oýunlaryna gümra bolýan bolsa, oňa matematikanyň oýun oýnamaga peýdalydygyny we oýun endiklerini ösdürmäge nähili kömek edýändigini düşündirip bilersiňiz. Ýa-da bloger bolmagy arzuw edýän bolsa, gyzykly wideo döretmek üçin sowatly geplemegiň we baý sözlük düzüminiň ähmiýetini nygtaň. Esasy zat, çagany ähli dersleri söýmäge mejbur etmek däl-de, hobbi bilen okuw meýilnamasynyň arasynda umumy baglanyşygy, balansy tapmakdyr.

Şowsuzlykdan gorkmak

Köpçüligiň öňünde çykyş etmekden çekinmek çaganyň mekdep durmuşyny çynlakaý kynlaşdyryp biljek giňden ýaýran meseledir. Bu gorky ýalňyşlyk goýbermek, üstünden güldürmek gorkusy ýa-da özüňe pes baha bermek bilen baglanyşykly ýüze çykýar. Synpyň öňünde geçilen temany gürrüň bermekden gorkýan çaga passiw we öwrenmäge gyzyklanmasyzdyr. Şeýle-de bolsa, aslynda ol örän akylly we bilesigeliji çaga bolup biler. Çagaňyza bu gorkyny ýeňip geçmek üçin özüni rahat, howpsuz we goldawly duýar ýaly oňaýly gurşawy döretmek möhümdir. Ýumuşlaryň kynlygyny kem-kemden artdyryň we synpyň öňünde çykyş etmek synanyşyklaryny höweslendirmäge çalşyň.

Ýetişiksizlik: Näme sebäpden bolýar? Näme etmeli?

Köplenç çagalar iki sebäbe görä bir işi soňa goýýarlar: bu işi etmek islemeýärler ýa-da ol iş örän kyn we düşnüksiz ýaly görünýär.

Uly meseläni ownuk böleklere bölüp çözmek has aňsat usuldyr. Bir wezipe ownuk ädimlere bölünse, kyn görünmeýär.

Ýöne gyzyklanmanyň bolmazlygy welin örän çylşyrymly meseledir. Ýöne bu ýerde bir çözgüt bar: bu işi az wagta bölüp başlaň. 10 minutlyk taýmer düzüp, çagaňyza arakesmesiz işlemegini tabşyryň. Adatça bolşy ýaly, ilkinji 10 minutdan soň meselä bolan gyzyklanma artýar we çaga özbaşdak işlemegini dowam etdirýär.

Peýdalanylan çeşme: mel.fm

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar