Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Russiýaly uçarmanlar näbelli uçýan obýekti gördüler

18:0610.03.2025
0
4048
Russiýaly uçarmanlar näbelli uçýan obýekti gördüler
Surat: Gazeta.ru

Russiýanyň «Azimut» awiakompaniýasynyň uçarmanlary ýurduň Penza şäherinden Mineralnyýe Wody şäherine gatnaw uçarynda näbelli uçýan obýekti gördüler. Bu barada «Aviaincident» telegram ýaýlymyna salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.

Ýaýlymyň maglumatlaryna görä, 7-nji martda uçaryň ekipažy şübheli kümüşsow şar barada howadan goranyş edaralaryna habar beripdirler. Emma şar uçuşa hiç hili howp salmandyr, ýolagçy uçary öz barmaly şäherinde sag-aman gonupdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň