Geljek ýylda Hytaýda uçýan awtoulaglaryň köpçülikleýin önümçiligini işe goýbermek meýilleşdirilýär. Bu barada Halk wekilleriniň bütinhytaý ýygnagynyň 14-nji çagyrylyşynyň deputaty, bu ugurdaky kompaniýanyň başlygy He Sýaopen habar berdi diýip, «Xinhua» agentligi ýazýar.
«Hytaýyň XPeng Motors elektrik ulaglaryny öndüriji kompaniýasy 2026-njy ýylda uçýan awtoulaglary köpçülikleýin öndürip başlamagy maksat edinýär» diýip, He Sýaopen aýtdy.
Başlangyç tapgyrda «Land Aircraft Carrier» (LAC) awtoulagynyň uçýan görnüşi goýberiler. Olaryň her ýyl 10 müňe golaýy öndüriler. Kompaniýa 12-17-nji noýabrda Çžuhaýede geçjek «Airshow China» awtosalonynda olaryň uçuşy bilen tanyşdyrar.