Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Karni Kanadanyň täze Hökümet başlygy wezipesine saýlandy

14:0910.03.2025
0
2438
Karni Kanadanyň täze Hökümet başlygy wezipesine saýlandy
Surat: Hovar.tj

Kanadanyň Merkezi bankynyň öňki başlygy Mark Karni ýurduň dolandyryjy Liberal partiýasynyň ýolbaşçysy wezipesine saýlawlarda ýeňiş gazandy we ol täze Hökümet başlygy bolar. Bu barada ýerli habar beriş serişdelerine salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi.

Karni saýlawlarda sesleriň 85 göterimden gowragyny gazandy. Öňki maliýe ministri we Parlamentiň häzirki agzasy Hristýa Friland sesleriň 8 göterimini alyp, ikinji orny eýeledi.

Karni hiç wagt saýlawly wezipeleri eýelemändi we häzirki wagtda Parlamentiň agzasy däl diýlip, habarda bellenýär.

Ýanwaryň başynda Kanadanyň Hökümet başlygy Jastin Trýudo eger öz ornuna syýasatçy tapylsa, ýurduň Liberal partiýasynyň lideri wezipesinden gidýändigini hem-de Premýer-ministriň wezipesini goýjakdygyny yglan edipdi.

Mark Karni 2025-nji ýylyň 20-nji oktýabryna çenli geçmeli Parlament saýlawlarynyň möhletini kesgitlär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň