Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen tennisçileri ilkinji gezek dünýäniň toparlaýyn ITF Masters çempionatynda çykyş eder

13:1710.03.2025
0
4688

Türkmen tennisçileri Türkiýede geçiriljek abraýly halkara ýaryşynda ilkinji gezek çykyş eder, ol ýerde biziň ildeşlerimiz dünýäniň iň ökde toparlary bilen bäsleşip biler – diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Türkmenistanyň ýygyndysynyň ilkinji gezek gatnaşjak ITF Masters dünýä toparlaýyn çempionaty Türkiýäniň Manawgat şäherinde başlanýar. Bäsleşige 30, 35, 40 we 45+ ýaş derejelerinde bäsleşjek 126 topar gatnaşar.

Türkmenistanyň ýygyndysy 30+ derejesinde çykyş eder, bu ýerde 4 toparça bölünen 12 ýurduň ýygyndylary bäsleşer. Türkmenistanyň ýygyndysy Beýik Britaniýanyň we Kanadanyň ýygyndylary bilen bilelikde «B» toparça düşdi. Toparçalarda ýeňiş gazananlar pleý-off ýaryşyna çykarlar.

Türkmenistanyň ýygyndysy geçen ýyl Halkara tennis federasiýasynyň (ITF) prezidenti Dewid Haggertiniň biziň ýurdumyza eden saparynyň barşynda Dewisiň kubogynyň düzgünlerine laýyklykda geçirilýän bu abraýly ýaryşa gatnaşmak üçin çakylyk alypdy.

Ýurdumyzyň milli ýygyndysynyň düzümine: ýurdumyzyň birinji raketkasy Ýuriý Rogusskiý, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň kubogynyň bürünç medalynyň eýesi Gurbanberdi Gurbanberdiýew, şeýle hem 2013-nji ýylda Aziýa we Okeaniýa zolagynyň IV toparynda Dewisiň kubogynda ýeňiş gazanyp, ýurdumyzyň ozalky birinji raketkalary Aleksandr Ärnepesow we Eziz Döwletow dagy girdi.

Ýygyndynyň kapitany hökmünde Mirali Gasanow bellendi – ol ýurdumyzyň erkekler ýygyndysynyň baş tälimçisidir we dünýäniň islendik ýurdunda ussatlyk derejesindäki oýunçylar bilen işlemek hukugyny berýän hem-de Türkmenistanda PRO Level derejesiniň şahadatnamasyna eýe bolan ýeke-täk tälimçidir.

Türkmenistanyň ýygyndysynyň tennisçileri ilkinji oýnuny Beýik Britaniýanyň ýygyndy toparyna garşy geçirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň