Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň zenan mugallymlarynyň we talyp gyzlarynyň arasynda «Sagdyn we ruhubelent zenan bagtyýar maşgalanyň gözbaşydyr» atly sportyň görnüşleri boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy ýokary derejede guraldy. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda sporty ösdürmek we ýaşlary sagdyn ruhda terbiýelemek ugrunda ýerine ýetirilýän işleri bellediler.
Guramaçylar bu bäsleşigiň bedenterbiýäni we sporty köpçülikleýin ösdürmekde, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde, hem-de zehinli, güýçli, başarjaň zenan türgenleri saýlap-seçip almakda we olaryň Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzüminde çykyş etmekligini gazanmakda ähmiýetini nygtadylar.
Bäsleşikde baýrakly orunlara mynasyp bolan talyp gyzlara we zenan mugallymlara Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.