Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Ist Bengal» – «Arkadag»: oýnuň başlajak wagty, ony nirede görüp bolar

15:0505.03.2025
0
26471

Türkmenistanyň «Arkadagy» 5-nji martda çarşenbe güni Hindistanyň «Ist Bengal» kluby bilen AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çärýek finalynyň ilkinji duşuşygyny geçirer. Oýun Kalkuttanyň «Solt-Leýk» stadionynda geçiriler we Aşgabat wagty bilen 18:30-da başlar.

Iki klub hem ýaryşyň toparçalaýyn tapgyryny ynam bilen geçdi: «Ist Bengal» «A» toparçasynda 7 utuk bilen birinji orny eýeledi, «Arkadag» hem 6 oçko toplap, «B» toparçasynda birinji ýeri eýeledi.

Janköýerler bu oýny Aziýa futbol konfederasiýasynyň resmi «YouTube» kanalynda göni ýaýlymda görüp bilerler.

Jogap oýny 12-nji martda Türkmenistanda geçiriler. Bu oýnuň ýeňijisi ýarym finalda «Al-Arabi» (Kuweýt) - «Al-Sib» (Oman) jübütiniň ýeňijisi bilen duşuşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň