Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Arkadag şäheriniň gurluşyk işleriniň batly depginlerde alnyp barylýan ýerine bardy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa Halk Maslahatynyň Başlygyna hasabat berdiler.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, ilki bilen, täze şäheriň ýaşlar üçin niýetlenen seýilgähinde goýuljak oturgyçlaryň, onuň bezeg serişdeleriniň görnüşleri bilen tanyşdy. Seýilgähde ýokary derejeli dynç almak we ösüp gelýän ýaş nesilleriň wagtlaryny gyzykly hem-de şadyýan geçirmekleri üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini belläp, Gahryman Arkadag gurluşyk we bezeg işlerinde milli binagärlik ýörelgelerine, serişdeleriň berkligine, oturgyçlaryň oňaýlylygyna, göze gelüwliligine zerur üns bermegi tabşyrdy.
Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän durmuş maksatly desgalaryň, ýol-ulag düzümlerine degişli binalaryň taýýarlanan şekil taslamalary hem-de olaryň bezeg işlerine degişli serişdeleriň görnüşleri bilen hem tanyşdy we görkezilýän taslamalara birnäçe belliklerini aýtdy.
«Gurulýan desgalar özboluşly binagärlik sazlaşygyny emele getirmelidir we olar täze şäheriň derejesine kybap gelmelidir» diýip, Gahryman Arkadag aýtdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi.
Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny-da geçirdi. Onuň barşynda D.Orazow täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we gurluşyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça edilýän tagallalar barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde täze şäherde lukmançylyk klasterine degişli önümçilik toplumlarynyň gurluşyklarynyň ýagdaýy hakynda giňişleýin maglumatlar berildi.
Halk Maslahatynyň Başlygy täze şäheriň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depginlerini ýokarlandyrmak babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Aýratyn-da, Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterine degişli desgalaryň gurluşygy, olaryň enjamlaşdyrylyşy bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygy aýdyldy.
Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa iş maslahatynda täze şäherde şanly seneleri mynasyp derejede dabaralandyrmak, baýramçylyk çärelerini ýatda galyjy pursatlara beslemek ugrunda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli köp çagaly maşgalalara döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak dabarasynyň geçiriljekdigi barada hasabat berildi. Häkim Halkara zenanlar güni mynasybetli Arkadag şäheriniň gelin-gyzlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň baýramçylyk sowgatlaryny gowşurmak boýunça dabaralaryň hem guralýandygyny aýdyp, munuň üçin döwlet Baştutanyna täze şäheriň ähli gelin-gyzlarynyň adyndan hoşallyk bildirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri täze şäherde guralýan baýramçylyk dabaralarynyň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede geçirilmelidigini we ýaýbaňlandyrylýan medeni-köpçülikleýin çärelerde türkmen halkynyň bagtyýar durmuşynyň, ýurduň ähli ugurlar boýunça ýeten derejesiniň öz beýanyny tapmalydygyny belledi.
Halk Maslahatynyň Başlygy Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň daşky germewinde oturdylýan mermerleriň görnüşlerini, olaryň bezeg babatdaky aýratynlyklaryny hem synlady we toplumyň germewleriniň bezeg babatda bu künjegiň tebigy aýratynlyklary bilen sazlaşmalydygyny belledi.