Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Litwanyň Prezidenti Aşgabatda geçiriljek halkara foruma çagyryldy

09:3710.03.2025
0
4102

Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nazarguly Şagulyýew iş saparynyň çäginde Wilnýus şäherinde Litwa Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Ýulýus Pranýawiçýus bilen duşuşyk geçirdi.

Ilçi N.Şagulyýew litwaly diplomata Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Litwanyň Prezidenti Gitanas Nauseda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga resmi çakylygy gowşurdy.

Duşuşykda taraplar türkmen-litwa hökümetara iş toparynyň işine ýokary baha berdiler hem-de bu toparyň hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge goşýan möhüm goşandyny belläp geçdiler. Ilçi N.Şagulyýew iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň has-da giňeldilmegi üçin bar bolan mümkinçiliklere ünsi çekip, bu ugurda işjeň gatnaşyklaryň zerurdygyny belledi.

Iş saparynyň dowamynda Nazarguly Şagulyýew Litwanyň «Grudoteka» kompaniýasyna baryp gördi, bu kompaniýa GDA, Ýewropa we Aziýa ýurtlaryna deňiz portlary arkaly söwda we logistika hyzmatlaryny amala aşyrýar. Ilçi kompaniýanyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirip, port hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary, ýük daşamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak we deňiz logistikasy bilen bagly infrastrukturany ösdürmek meseleleri barada pikir alyşdy. Bu ugurlar Türkmenistan bilen Litwanyň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy üçin möhüm bolup durýar.

Mundan başga-da, ilçi N.Şagulyýew Klýapeda döwlet deňiz portunyň baş direktory Algis Latakas bilen hem duşuşdy. Latakas türkmen diplomatyny portuň işi bilen jikme-jik tanyşdyrdy we Klýapeda portunyň Baltika deňziniň gündogar kenarynda ýerleşýän doňmaýan portlaryň iň öňdebaryjylarynyň biri, Litwanyň esasy ulag merkezi bolup, Gündogar bilen Günbatary birleşdirýän deňiz we gury ýer ugurlarynyň çatrygynda ýerleşýändigini aýtdy. Portuň 33 sany döwrebap terminalynyň bardygy, munuň bolsa dürli görnüşli ýük akymlaryny netijeli gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýändigi bellenildi. Portuň tehniki görkezijileri barada maglumat berlip, umumy meýdanynyň 415 gektar, suw giňişliginiň 623 gektar we suw çuňlugynyň 14 metre ýetýändigi aýdyldy. Agzalan görkezijiler bu porta uly göwrümli gämileri kabul etmäge hem mümkinçilik döredýär.

Duşuşygyň ahyrynda ilçi N.Şagulyýew Türkmenistanyň we Litwa Respublikasynyň arasynda ulag pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek hem-de ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna aýratyn ünsi çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň