Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň baýramçylyk zalynda Halkara zenanlar gününe bagyşlanan baýramçylyk çäresi geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.
Bellenilişi ýaly, dabaraly çärä Hökümet agzalary, ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, jemgyýetçilik guramalarynda, ylym-bilim, medeniýet ulgamlarynda zähmet çekýän zenanlar, köp çagaly eneler, şeýle hem Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara düzümleriň zenan işgärleri gatnaşdylar.
Baýramçylyk dabarasynyň maksatnamasyny öňdebaryjy solistleriň, tans toparlarynyň we estrada hem halk aýdymçylarynyň çykyşlary düzdi. Bu ýerde parahatçylygy we jebisligi wasp edýän milli we daşary ýurt kompozisiýalary ýerine ýetirildi.
Bu baýramçylyk çäresiniň esasy aýratynlygy türkmen halkynyň Milli Lideriniň sanly ulgam arkaly, göni ýaýlymda gatnaşmagy we ähli aýal-gyzlary Halkara zenanlar güni bilen gutlamagy boldy.
Gahryman Arkadag dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurtda giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni bilen mähriban we eziz eneleri, ähli aýal-gyzlary tüýs ýürekden gutlady hem-de olara ajaýyp arzuwlaryny beýan etdi.
Dabara gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideriniň gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.
Baýramçylyk dabarasy «Bu bagtyýar Diýarda zenanlara sarpa bar» atly aýdym bilen jemlendi, onda zenanlaryň ýurduň gülläp ösmegine goşýan goşandy üçin minnetdarlyk bildirildi.