Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek maksady bilen, Eýran-türkmen bilelikdäki söwda palatasynyň goldaw bermeginde eksporty artdyrmak we söwda alyş-çalşygyny ýokarlandyrmak üçin ýörite ykdysady konsorsium döredildi. Bu başlangyç iki ýurduň arasyndaky maýa goýumlara ýardam bermek we söwda päsgelçiliklerini aradan aýyrmak üçin amatly mümkinçilikleri döredýär. Bu barada «IRNA.ir» habar berýär.
Eýran-türkmen bilelikdäki söwda palatasynyň başlygy Ramazan Bahrami bu konsorsiumyň söwda gatnaşyklarynyň durnukly ösmegine goşjak goşandy barada durup geçip, ony eksporty artdyrmak, maýa goýumlary artdyrmak we ykdysady hyzmatdaşlygy ýeňilleşdirmek üçin täsirli gural diýip atlandyrdy.
«Bu konsorsium ykdysady operatorlaryň Türkmenistanyň bazarynda maksatnamalaýyn gatnaşmagyny üpjün edýän utgaşykly platformany döretmek bilen, iki taraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýar» diýip, Bahrami belledi.
R.Bahraminiň aýtmagyna görä, täze mehanizm hususy pudagyň gatnaşmagynda döredildi. Ol özara söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmaga, söwda çykdajylaryny azaltmaga we sebitde ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmäge kömek eder.
«Eýran kompaniýalarynyň bu konsorsiuma gatnaşmagy ikitaraplaýyn söwdanyň durnukly ösmegi üçin esas döreder we Merkezi Aziýa bazarlaryna çykmagy ýeňilleşdirer» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.