Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Özbegistandan Türkmenistana eksport-import edilýän käbir harytlara gümrük paçlary ýatyryldy

17:4808.03.2025
0
22502

Şu ýylyň 25-nji fewralyndan başlap, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda erkin söwda tertibi girizildi. Bu barada Özbegistanyň Maýa goýumlar, senagat we söwda ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Habarda bellenilmegine görä, 2024-nji ýylyň 16-njy iýulynda gol çekilen «Özbegistan bilen Türkmenistanyň Hökümetleriniň arasynda uzak möhletleýin söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hakynda Ylalaşygyň erkin söwda tertibinden çykgytlary hakyndaky» Teswirnamanyň güýje girmegi üçin zerur işler iki tarapyň hem ýerine ýetirmegi bilen tamamlandy. Şeýlelikde, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda 2025-nji ýylyň 25-nji fewralyndan başlap erkin söwda tertibi girizildi.

Bellenilişi aly, bu Teswirnama Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň 27-nji ýanwaryndaky Karary bilen tassyklanyldy.

Tertibiň girizilmegi netijesinde, käbir önümlerden başga, iki ýurduň çäginde öndürilen harytlara gümrük paçlary ýatyryldy, özara söwda gatnaşyklardaky çäklendirmeler aradan aýryldy we söwda amallary ýönekeýleşdirildi.

Mysal üçin, Özbegistandan Türkmenistana eksport edilýän sement önümleri (gümrük paçlary 100%), dokma matalary (50%), mebel (50%), aýna gaplar (50%), suw gyzdyryjy gazanlar (15%), plastik we polipropilen önümleri (10%), şöhlat we et önümleri (1 kg üçin 2 dollar), pagta ýagy (1 kg üçin 1 dollar) üçin gümrük paçlary ýatyryldy.

Erkin söwda tertibiniň girizilmegi geljekde iki ýurduň arasyndaky maýa goýum, senagat hyzmatdaşlygyny ösdürmek we özara söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmak üçin esas döreder.

Ýeri gelende bellesek, 2024-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 1,14 milliard amerikan dollaryna ýetip, öňki ýyl bilen deňeşdirilende 5,5 göterim ýokarlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň