Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk hatyny iberdi

11:1210.03.2025
0
4617

Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi Akihisa Nagaşimadan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hat geldi. Bu barada TDH habar berýär.

Iberen hatynda Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi Türkmenistana amala aşyran saparynyň dowamynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edýär.

— Siziň Alyhezretiňiz bilen “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogy we dürli ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri barada pikir alyşmak meniň üçin örän ähmiýetli boldy. Şeýle hem “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň çäklerinde geçiriljek sammit babatda Ýaponiýanyň garaýyşlaryny goldandygyňyz üçin ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallygymy bildirýärin. Saparymyň netijelerini nazara almak bilen, biz bu sammiti Ýaponiýa, şeýle-de Merkezi Aziýa ýurtlary üçin amatly wagtda geçirmek mümkinçiligine serederis. “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” sammitine taýýarlyk görmek boýunça Türkmenistan bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygymyzy beýan edýäris — diýip, Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi hatynda ýazýar.

Şeýle hem ol Türkmenistana ilkinji saparyny amala aşyrandygyny, ýurduň baý medeniýetiniň we taryhynyň, türkmen halkynyň myhmansöýerliginiň, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky çuňňur gatnaşyklaryň özünde uly täsir galdyrandygyny, Türkmenistan, şeýle hem tutuş Merkezi Aziýa bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin mundan beýläk-de ähli tagallalary etjekdigini belleýär.

Hatynyň ahyrynda Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi Akihisa Nagaşima türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk, rowaçlyk, Türkmenistana bolsa mundan beýläk-de ösüş, abadançylyk arzuw edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň