Ilatyň arasynda ownuk şaýylyk pula isleg örän az, emma olar kanuny töleg serişdesi bolmagynda galýar diýlip, Russiýa Federasiýasynyň Merkezi bankynyň telegram ýaýlymynda bu barada sowal bilen ýüzlenen müşderä jogapda aýdylýar.
Köpükleriň esasy wezipesi – olar harytlaryň we hyzmatlaryň diňe rublda däl, eýsem, ownuk şaýy pullarda hem kesgitlenýändigi bilen baglylykda, gaýtargy üçin ulanylýar.
Russiýanyň Merkezi banky şeýle-de nagt pullardan ýüz öwürmekçi däl, hasaplaşykda olaryň paýynyň köpden bäri azalýandygyna garamazdan, doly aradan aýrylmaz. Bu gün dolanyşykda 18 trillion rubl bar diýlip, habarda bellenýär.
Ýurduň baş maliýe edarasynyň barlaglarynyň jemleri raýatlaryň diňe 10 göteriminiň nagt pul ulanmaýandygyny görkezdi, pikiri soralylanlaryň ýarysyndan gowragy bolsa, olary hepdede azyndan bir gezek ulanýandyklaryny aýtdylar.
Bu barada «rg.ru» habar berdi.