Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen ilçisi Türkiýäniň Adalat we Galkynyş partiýasynyň başlygynyň orunbasary bilen 2025-nji ýyldaky çäreleri maslahatlaşdy

18:3710.03.2025
0
6082

Şu gün Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçisi Mekan Işangulyýew bilen Adalat we Galkynyş partiýasynyň (AK Parti) başlygynyň orunbasary Kürşat Zorluň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasy habar berdi.

Duşuşygyň çäklerinde taraplar syýasy, ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň derwaýys meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Hususan-da, iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen bagly meseleler aýratyn üns merkezinde boldy. Bellenilişi ýaly, bu gatnaşyklaryň ösdürilmegine giň gerimli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegi hökmünde garalýar.

Mundan başga-da, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan bilelikdäki çäreleriň geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de Adalat we Galkynyş partiýasynyň wekiliýetiniň Türkmenistanda meýilleşdirilýän halkara çärelere gatnaşmagynyň mümkinçiligi barada pikir alşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň