Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow oba hojalygy boýunça wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki bilen häkimler welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabatlary berdiler. Hasabatlarda bellenilişi ýaly, şu günler welaýatlarda bugdaý ekilen ýerlerde agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ekini mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekiljek ýerleri hem-de pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Şeýle-de ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Welaýatlarda ählihalk bag ekmek dabarasyny guramaçylykly geçirmek üçin degişli taýýarlyk işleri hem alnyp barylýar.
Häkimler ýurdy 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada-da hasabatlary berdiler.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetini belledi we häkimlere bu ugurda alnyp barylýan işleriň, hususan-da, bugdaýa ideg etmek we gowaça ekişine taýýarlyk görmek işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutany ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalarda bellenen wezipeleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyna ünsi çekdi hem-de häkimlere bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Iş maslahatynyň barşynda wise-premýer T.Atahallyýew hem ýurduň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerinde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň ekinlerden bol hasyl almagyň, oba hojalygyny netijeli alyp barmagyň we bu ugurda ýokary görkezijileri gazanmagyň aýrylmaz şerti bolup durýandygyny belledi hem-de wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutany iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan agrotehniki çäreleriň möhüm ähmiýetine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we welaýatlarda gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek boýunça taýýarlyk işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagy, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda gowaça ekiljek meýdanlarda ýuwuş suwuny tutup, ýerleri ekişe taýýarlamak boýunça degişli işleri geçirmegi, pagta öndürijileri ekiş möwsümine çenli ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ideg etmek we ösüş suwuny tutmak işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini üpjün etmegi, ýazlyk ýeralmanyň hem-de gök-bakja ekinleriniň ekişini çaltlandyryp, onuň agrotehniki möhletlerde alnyp barlyşyna berk gözegçilik etmegi, welaýatlarda pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilmegini gazanmagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutany ýazky bag ekmek möwsümini guramaçylykly geçirmegiň zerurdygyny belläp, welaýatlarda degişli taýýarlyk işleriniň geçirilmegini, şeýle hem ýurdy 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda şu ýyl meýilleşdirilen işleriň wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.