Ýaponiýanyň demirgazyk-gündogar Iwate ülkesinde bäş gün bäri iri tokaý ýangynlary dowam edýär. Ol eýýäm 1800 gektary eýeledi. Ýangyna garşy 1700 ýangyn söndüriji we 450 sany bölüm göreşýär diýip, «MIR 24» ýazýar.
Tebigy betbagtçylykda bir adam pida boldy, 90 sany ýaşaýyş jaýy we senagat binalary hatardan çykdy. Ýerli häkimiýetler ýangyna golaý ýerdäki ilatly ýerlerden bäş müň adamy göçürmek barada yglan etdiler.
Halas ediş gulluklary ýangynyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin göreşýärler diýip, ýurduň «Kyodo» habarlar gullugy habar berdi.