Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Bank hasaby, Türkmenistanyň banklarynda bank hasabyny açmak

0
35557

Bank hasaby, bankyň müşderilerı üçin pul serişdelerini toplamak ýa-da nagt däl hasaplaşyklary geçirmek maksady bilen açylýan hasap.

Raýatlar (şahsy tarap) bank hasabyny manat ýa-da daşary ýurt pulynda açyp bilýärler.

Bank hasaby möhletli we möhletsiz görnüşlere bölünýär.

Möhletli hasap şol bir wagtyň özinde depozit bank hasaby bolup, hasapdaky pul möçbere göterim sylagy hem berilip biliner. Göterim derejeleri her bankyňky her dürlidir.

 

Bank hasaby nähili açylýar?

Bank hasabyny açmak üçin şahsy tarapyň pasporty zerurdyr.

Bank hasabynyň işi Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan 2006-njy ýylyň 25-nji aprelinde tassyklanan “Bank hasaby hakynda Düzgünnama” esasynda düzgünleşdirilýär. Düzgünnamanyň 2-nji “Bank hasaplarynyň görnüşleri” bölüminiň,  2.7 bendinde “Depozit (goýum) hasaby bank bilen müşderiniň arasynda baglanyşylan depozit (goýum) şertnamasy esasynda, şertnamada görkezilen möhlete, möhletsiz esasda (talap edilýänçä), şeýle hem kesgitli şertler bilen açylyp bilner. Hasaplaryň maksatlaýyn niýetlenilişi bankyň içerki kadalaryna laýyklykda kesgitlenilýär” diýip bellenilen.


Bank hasabyny açmagyň maksady
Bank hasabyny pul serişdeleri toplamak ýa-da nagt däl hasaplaşyklary amala aşyrmak üçin ulanylyp biliner. Şahsy taraplaryň açýan bank hasaplary raýat-hukuk häsiýetli şertnamalar esasynda işleýän adamlara zähmet hakyny, awtorlyk galam haklaryny we, şeýle hem kanuny gelip çykyşy dogry bolan ähli tölegler üçin ulanylyp biliner. Hasaba pullar nagt we nagt däl görnüşinde girdeji hem-de çykdajy edilip bilinýär. Hasapdaky pul serişdeleriň çykdajysy diňe eýesiniň razyçylygy bilen amala aşyrylýar.

 

Töwekgelçilik

Döwlet, şahsy taraplaryň banklardaky pul serişdeleriniň kepilligini hem-de goraglylygyny üpjün edýär.

2016-njy ýylda Türkmenistanda “Fiziki şahslaryň goýumlarynyň hökmany kepilligi hakynda” kanun kabul etdi. Kanun fiziki şahslaryň Türkmenistanyň banklaryndaky goýumlarynyň kepilliginiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny, banklaryň goýumlaryň hökmany kepillendiriliş ulgamyna gatnaşmagyny kesgitleýär, goýumçylaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagyna hem-de ilatyň tygşytlanan pullarynyň çekilmeginiň höweslendirilmegine we bank ulgamyna bolan ynamynyň berkidilmegine gönükdirilendir.

Kanunyň 18-nji “ Goýumçylaryň kepillik öwez dolma hukuklary” atly maddasynda şeýle diýilýär “Goýumçy anyk gatnaşyjy bankdaky bank goýumlarynyň sanyna garamazdan, kepillendirilýän goýumy boýunça bank goýumynyň 100 göterimi  möçberinde kepillik öwez dolmany almaga haklydyr” Kepil hökmünde Türkmenistanyň Merkezi banky çykyş edýär.

Kanunyň 19-njy “Ygtyýarlyk berlen bank” atly maddasynda “Kepillik öwez dolmanyň tölenilmegi Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan gatnaşyjy banklaryň hataryndan saýlanan ygtyýarlyk berlen bankyň üsti bilen amala aşyrylýar” diýilip bellenilen. Şu kanun goýumdara pul serişdeleriniň goraglydygyna we gaýtaryljakdygyna 100 göterim  güwa geçýär.  

 

Soraglaryňyz bar bolsa biziň redaksiýamyza ýazyň.       

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar