Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürip, sanly ykdysadyýeti kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Sanlylaşdyrmak milli ykdysadyýetimiz üçin hil taýdan täze döwürdir. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygy bilen halk hojalygynyň ähli ugurlarynda maksatnamalaýyn işler yzygiderli amala aşyrylýar. Häzir sanly ulgama geçmek her bir pudak üçin zerur bolup, ol umumy ösüşiň esasy şertine öwrüldi.
Sanly ykdysadyýet we onuň häzirki döwürdäki ähmiýeti barada Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky 41-nji orta mekdebiň mugallymy Narjan Kurbanowanyň ylmy makalasynda giňişleýin maglumatlar beýan edilýär.
Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen önümçilige innowasion işläp taýýarlamalar giňden ornaşdyrylýar. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda düýpli ösüşleriň gazanylmagyna giň şertleri döredýär. Sanly ulgam hojalyk hem-de dolandyryş işlerini kämilleşdirmekde has ähmiýetli bolup, ykdysadyýetiň gülläp ösmegine halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Şeýlelikde döwrüň öňdebaryjy innowasion tehnologiýalarynyň durmuşymyza işjeň ornaşdyrylmagynyň netijesinde, işewür hyzmatdaşlygyň gerimi has giňeýär. Bu bolsa dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna deňleşmäge mümkinçilik berýär. Muny biz durmuşymyzyň ähli ugurlaryna, şol sanda milli ykdysadyýetimize sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylýan häzirki döwründe eýe bolunýan üstünlikleriň mysalynda eýýämden görýäris. Döwlet durmuşynyň ähli ugurlaryna innowasiýalaryň doly ornaşmagy, sanly ulgama geçilmegi bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty barha pugtalanyp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlanýar. Bu bolsa döwrüň esasy talabydyr, biziň her birimiziň baş maksadymyzdyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary bilen ýurdumyzyň bilim ulgamy halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli gymmatlyklaryna, asylly ýörelgelerine esaslanyp, häzirki zaman dünýä ölçeglerine laýyklykda toplumlaýyn ösdürilýär. Professor-mugallymlaryň hünär derejesi barha kämilleşdirilýär, okatmagyň döwrebap, has netijeli usullary ornaşdyrylýar. Şonuň bilen birlikde, bilim edaralarynyň dünýäniň dürli döwletleri hem-de esasy ylym-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilýär. Munuň şeýledigini 2023 ýylyň 21-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Bahreýn Patyşalygyna bardy. Bu sapar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Günorta-Günbatar Aziýada ýerleşýän dostlukly ýurda iň ýokary döwlet wezipesinde amala aşyrýan ilkinji saparydyr. Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň we Bahreýniň Patyşasynyň ikiçäk duşuşygynyň hem-de giňeldilen düzümdäki gepleşikleriň geçirilmegi, ýokary derejeli duşuşyklaryň jemleri boýunça gol çekilen iki taraplaýyn resminamalar türkmen-bahreýn hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Türkmenistan bilen Bahreýn Patyşalygynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1995-nji ýylyň dekabrynda ýola goýuldy. Türkmenistanyň ozalky Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bahreýn Patyşalygyna 2011-nji ýylda amala aşyran resmi sapary, Bahreýniň Patyşasynyň 2019-njy ýylda Türkmenistana döwlet sapary iki taraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda möhüm wakalar boldy. Daşary syýasat strategiýasynda arap dünýäsiniň döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegi ileri tutýan Türkmenistan Bahreýn Patyşalygy bilen hem syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagy maksat edinýär.
Ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisindäki çykyşynda beýan edilen ýedi sany ugur boýunça umumylaşdyrylan baş maksatlaryň ählisi diýen ýaly bilimiň we ylmyň ösüşi bilen baglanyşykly bolup durýar. Aýratyn-da, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş goraglylygyny kämilleşdirmek, iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak we her bir raýatyň bähbidini göz öňünde tutup, howpsuz ýaşaýşyny goramak; ýurdumyzyň durmuş-ykdysady mümkinçiliklerini peýdalanmak, milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmagyň derejesini ýokarlandyrmak, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly pudaklaryň we durmuş hyzmaty ulgamynyň yzygiderli ösdürilmegini gazanmak; milli hünärmenlerimize, dünýä tejribesine daýanyp, Türkmenistanda sanly ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek, senagat ulgamyny innowasion esasda ösdürmek, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek ýaly ugurlar bilim ulgamynyň döwrebaplygy, ylmyň, innowasiýalaryň, sanly tehnologiýalaryň durmuşa ornaşdyrylmagy bilen pugta baglanyşykly bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan bu maksatlar halkymyzyň abadan durmuşynyň, röwşen geljeginiň üpjün edilmegine gönükdirilendir.