Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda plastmassa turbalarynyň önümçiligi

0
36558

Plastik turbalaryň önümçiligi Türkmenistanyň senagat pudagynda 2008-nji ýyldan bäri üstünlikli iş alyp barýan «Türkmen Senagat» kärhanasynyň esasy önümçilik ugry bolup durýar.

Hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Maksat Bähbidow kärhananyň işini degişli pudakda täze önümleri bilen günsaýyn özgerýän bazaryň isleglerini öwrenmek bilen, ýurduň şäher gurluşyk çygryndaky işleriň gerimine laýyklykda ýola goýdy.

Türkmenistanda ýokary tehnologiýaly hem-de dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply bolan hususy önümçilik kärhanalarynyň ýüze çykmagy, döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilmegi turba zawodynyň döredilmegine esas bolup hyzmat etdi.

Häzirki wagtda Ahal welaýatynyň Ak Bugdaý etrabyndaky senagat zolagynda ýerleşýän zawodda dürli diametrli turbalar (16-dan 630 mm çenli), şol sanda kanalizasiýa we elektrik torlaryny gurmak üçin gasynlanan turbalar, şeýle hem açyk suw we gaz turbalaryny oturtmak üçin kiçi basyşly polietilenden turbalar (suw we gaz turbalary) öndürilýär.

Önümleriň tapawutly hil aýratynlyklary hökmünde olaryň uzak möhlete hyzmat edişini, çyglylyga durnuklylygy we ot alma, okislenmä garşylygy hem-de mehaniki agramlara ýokary garşylygy ýaly aýratynlyklaryny bellemek bolar.

Mundan başga-da, ekologiýa taýdan arassa we ýeňil materiallar turbalary gurmak işini ýeňilleşdirýär. 16-dan 32 millimetre çenli ululykda öndürilýän elektrik torlary üçin gasynlanan turbalar poslama we beýleki ýaramaz daşky gurşaw şertlerinden ygtybarly goralýar. Bu bolsa olaryň hyzmat ediş möhletini uzaldýar.

«Türkmen Senagat» hojalyk jemgyýetiniň önümlerine jemagat hojalygy çygrynda, gurluşykda we beýleki pudaklarda uly isleg bildirilýär. Turbalaryň harajat materiallary suw geçirijiler, tebigy hem-de suwuklandyrylan gaz bilen üpjün edilýän şäher we oba gaz üpjünçilik ulgamlary, ýyladyş ulgamlary üçin niýetlenip, dürli maksatly gurluşlarda we sarp ediş harytlaryny öndürmekde ulanylýar.

Kärhana önümleriniň çig malyny Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesindäki Gyýanly polimer zawodyndan alýar. Kärhanada öndürilýän önümleriň içerki we halkara ülňülerine laýyk gelmegine ýokary derejede gözegçilik edilýär.
Turba zawodynda işleriň Germaniýanyň «KraussMaffei» haryt nyşanly ýokary tehnologik enjamlarynda alnyp barylýandygy uly önümçilik ähmiýetine eýe bolup, gasynlanan kanalizasiýa turbalary bu pudakda dünýäde öňdebaryjylaryň biri hasap edilýän we işleriň awtomatik usulda üpjün edilmegine ýardam edýän «Unicor» nemes kompaniýasynyň enjamlarynda öndürilýär.

Turba önümçiliginiň kuwwaty bir aýda 1800 tonna önüm öndürmek mümkinçiligine eýedir.

Önümçilik işiniň kadaly guralyşy, işçiler üçin döredilýän iş şertleri, olaryň sosial üpjünçiligi hem ýokary hilli önümleri öndürmekde uly orny eýeleýär. Zawodyň döredilmeginiň häzirki zaman enjamlarynda işlemek babatda ýörite okuwlary geçen 80 hünärmeni iş bilen üpjün etmäge mümkinçilik berendigini bellemek gerek.

Kärhana importyň ornuny tutýan önümlerini daşary ýurtlara hem eksport etmegi maksat edinýär. Turbalaryň ýokary hili, çeýe nyrh syýasaty we müşderilere aýratyn çemeleşmek, şeýle hem uzakmöhletleýin netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlylyk bu ugurdaky işleri durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär.

«Türkmen Senagat» hojalyk jemgyýeti işini günsaýyn kämilleşdirmek bilen, öndürýän plastmassa turbalarynyň önümçiligini yzygiderli döwrebaplaşdyrýar we onuň gerimini giňeldýär, şeýle-de iş şertlerine täze tehnologiýalary ornaşdyrýar.

Kärhana önümçiliginiň gerimini giňeltmek bilen baglylykda häzirki wagtda Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde kaliý sulfatyny, natriý sulfatyny we hlorowodorod kislotasyny öndürmäge niýetlenen uly döwrebap zawodyň gurluşygyny alyp barýar. 

Ýeri gelende «Türkmen Senagat» hojalyk jemgyýetiniň önümlerine gyzyklanma bildirýänleriň turkmensenagat.com salgy boýunça kärhananyň resmi saýtyna girip goşmaça maglumat alyp bilýändigini ýatladýarys.

Kärhana bilen habarlaşmak üçin:

  • Telefon belgisi: +99361 031450;
  • Faks salgysy: +99312 76-12-30;
  • Elektron poçta salgysy: info@turkmensenagat.com 
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar