Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň «Eko-frendli» önümçiligi daşky gurşawyň aladasynda

0
21708

Häzirki döwrüň adamsy, esasan-da uly şäherleriň ýaşaýjysy sagdyn-durmuş ýörelgesine uly ähmiýet berýär. Bu durmuş-ýörelgesiniň esasy ugry sagdyn iýmitlenmegi, ýagny himiki serişdeler ulanylmazdan ösdürilip ýetişdirilen ekologiki taýdan arassa önümleri iýmegi özünde jemleýär.  

«Eko-frendli» (eco-friendly) derejeli önümler biziň ýurdumyzda hem uly meşhurlyga eýe bolýar. Eýsem türkmen topragy ähli döwürlerde-de miwedir bakja önümlerini ösdürip ýetişdirmekde örän baý hem hasylly bolupdyr we ol häzir hem şeýledir. Tebigy we howa şertleri agrar pudagynda uly üstünlikleri gazanmaga ýardam edýär. «On dogan» hususy kärhanasy eýýäm ençeme ýyl bäri ekologiki taýdan arassa miwe we bakja önümleriniň önümçiligi, importy hem-de eksporty bilen meşgullanýar.

Ýyllar boýy “On Dogan” kompaniýasy oba hojalyk pudagynda iň uly lomaý satyjylaryň biri adyny berkidip, ýeralma, sogan şeýle-de, alma, kiwi we sitrus bag ýerlerini ösdürip ýetişdirmek üçin agrosenagat böleklerini döretdi. «On Dogan» haryt nyşanly önümler ýokary hili we ekologiýa taýdan arassalygy bilen tapawutlanyp, kärhana tarapyndan ýygnalan bakja we miwe önümleri görnüş taýdan tertipleşdirilýär we gaplanylýar. Önümler daşalanda olaryň peýdaly düzümini we harytlyk görnüşini saklamagyna uly üns berilýär. Kärhananyň önümleri dükanlarda, bazarlarda, şeýle hem ýurduň jemgyýetçilik iýmiti ulgamynda ýokary islege eýe bolýar.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde kärhananyň 300 gektar meýdany eýeleýän ekin meýdany ýerleşýär. Bu ýerde pyrtykal we bakja önümleri ösdürilip ýetişdirilýär. Yhlasly zähmet siňdirilip ýetişdirilen hasyl ýerli bazara we daşary döwletlere eksporta ugradylýar. Eksport ugurly azyk önümleriniň arasynda türkmen ýyladyşhanalarynda ýetişdirilen pomidorlara has ýokary isleg bildirilýär. Bu önüm türkmenistanly telekeçileriň ekport harytlarynyň sanawynda öňdebaryjy orunda durýar.

Ýyladyşhana ulgamy «On dogan» hususy kärhanasynyň iş ugrunyň bir bölegidir. Häzirki wagtda kärhananyň 9 gektar meýdany eýeleýän gök-miwe önümlerini ösdürip ýetişdirmäge niýetlenilen ýyladyşhanasynyň gurluşyk işleri dowam edýär. Bu ýerde dünýäniň iň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň — ýagtylandyryş, howalandyryş we suwaryş enjamlarynyň ulanylmagy esasynda bakja önümleri ösdürilip ýetişdiriler. Bu çäkde ýygnalan hasyly oňyn şertlerde saklamak üçin ammar hem göz öňünde tutulýar. Şeýle taslamalar ýurduň eksport mümkinçilikleriniň artmagyna ýardam edýär.

Ýöriteleşdirilen tehnikalary we nou-haulary ulanmazdan agrar ulgamynyň ösüşini üpjün etmek mümkin däldir. «On Dogan» hususy kärhanasy döwrebap oba hojalyk tehnikalaryny, inženerçilik enjamlaryny, şeýle hem gök-bakja we miwe önümlerini ösdürip ýetişdirmäge hem-de saklamaga niýetlenilen täze tehnologiýalary satyn almakda öňdebaryjy orny eýeleýär.

Häzirki wagtda «On dogan» haryt nyşanly türkmen gök-bakja we miwe önümleri Gazagystan, Gyrgyzystan, Russiýa, Özbegistan, Täjigistan hem-de Türkiýe ýaly daşary ýurtlarda ýokary islege eýedir. Kärhana bu ýurtlara Eýrandan we Pakistandan getirilýän gök-bakja hem miwe önümleriniň gaýtadan eksportyny amala aşyrýar.

«On Dogan» hususy kärhanasy Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup, ýurdumyzyň üstünliklerine bagyşlanan sergilere öz önümleri bilen yzygiderli gatnaşýar. Şeýle çäreleriň barşynda ýerli hem-de daşary ýurt telekeçileri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ýol açylýar. «On Dogan» kärhanasy döwrebap marketing strategiýalaryna eýermek bilen, müşderileriniň isleglerine uly ähmiýet berýär. Kärhana hyzmatdaşlyk gatnaşyklary üçin açykdyr. Degişli salgylanma geçmek bilen kärhananyň alyp barýan işleri bilen has içgin tanşyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar