«Ak Gaýa» dükany hammam, aşhana, hajathana otaglary, şeýle hem sauna we basseýn üçin niýetlenen dürli görnüşli harytlary hödürleýär. Bu ýerde duş kabinalary, duş poddonlary, suw akdyryjylar, hammamlar, aşhana üçin gap-gap ýuwulýanlar, süpürgiçleri guradyjylar we başga-da köp sanly harytlar bar.
Bulardan başga-da, dükanda gündelik zerulygy çykýan düzüm bölekleri we sarp edilýän zatlar alyjylara ýetirilýär.
Ýeri gelende, jaýy abatlamak we abadanlaşdyrmak üçin gerekli bolan zatlary — gurluşyk materiallaryndan başlap, häzirki zaman durmuş enjamlaryna we mebellere çenli islendik harytlary satyn almakda «Ak Gaýanyň» ähli mümkinçilikleri özünde jemleýän esasy dükandygyny bellemelidiris. Dükanyň professional maslahat berýän hünärmenleri müşderilere harytlary dogry saýlamaga kömek edýärler we eltip bermek hyzmaty bilen dessine görkezilen salga ugradýarlar.
«Ak Gaýa» dükanynyň salgysy: Aşgabat şäheri., G.Kulyýew (Obýezdnoý) köçesiniň 40-njy jaýy.
Dükan bilen şu telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilersiňiz: 59 57 57, 55 54 10, (+993 64) 66 44 88. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.
Şeýle-de okaň: