Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Oguljahan Atabaýewa «Al-Arabiýa» teleýaýlymyna interwýu berdi

23:0319.04.2025
0
17819
Oguljahan Atabaýewa «Al-Arabiýa» teleýaýlymyna interwýu berdi
Surat: turkmenistan.gov.tm

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa gaznanyň işi bilen ýakyndan tanyşmak üçin Türkmenistana sapar bilen gelen «Al-Arabiýa» teleýaýlymynyň esasy alyp baryjysy Rizwan Hanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, duşuşygyň barşynda «Al-Arabiýa» teleýaýlymynyň wekilleri gaznanyň alyp barýan işleri bilen ýakyndan tanyşmaga gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdylar. Olar Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri bilen öz tomaşaçylaryny has giňden tanyşdyrmak maksady bilen, gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewadan interwýu bermegini haýyş etdiler.

Duşuşykdan soň O.Atabaýewa myhmanlaryň haýyşyna kanagatlanma bilen dünýäniň meşhur «Al-Arabiýa» teleýaýlymynyň esasy alyp baryjysy Rizwan Hanyň sowallaryna jogap berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň «Al-Arabiýa» teleýaýlymyna beren interwýusy ýakyn günlerde tomaşaçylara ýetiriler.

Meşhur teleýaýlymyň esasy alyp baryjysy Rizwan Han Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň interwýusynyň bu gaznanyň alyp barýan işleri bilen ýakyndan tanyşmaga ýardam edendigini belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň