Russiýa Federasiýasynyň Aşgabatdaky ilçihanasy 1 — 4-nji hem-de 8 — 11-nji maý aralygynda işlemez. Şol günler Russiýanyň döwlet derejesindäki baýramçylyklary mynasybetli dynç günleri bolup durýar. Bu barada ilçihananyň metbugat gullugy habar berdi.
«Russiýanyň döwlet baýramçylyklary sebäpli ilçihana 2025-nji ýylyň 1-nji — 4-nji maýy hem-de 8-nji — 11-nji maýy aralygynda ýapyk bolar» diýlip, habarda bellenilýär.
Russiýada maý baýramçylyklary adatça iki möhüm dynç alyş döwrüni öz içine alýar: birinjisi Bahar we Zähmet baýramy (1-nji maý), ikinjisi Ýeňiş güni (9-njy maý).