Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň Türkmenistanyň kanunçylygy baradaky bilimlerini berkitmek we milli kanunçylygy çuňňur öwrenmeklerini gazanmak hem-de zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen «Türkmenistanyň kanunçylygynyň esaslary» dersi boýunça onlaýn bäsleşigi geçirilýär.
Bäsleşik 2025-nji ýylyň 12-nji maýynda onlaýn görnüşde geçiriler. Bäsleşige gatnaşjak talyplar we jogapkär mugallymlar baradaky maglumatlary 2025-nji ýylyň 5-nji maýyna çenli aşakda görkezilen görnüşde (*doс) faýlynda 65811116tm@gmail.com salgysyna ugratmaly.
Bäsleşik baradaky has giňişleýin maglumat bilen şu salgydan https://education.gov.tm/competition-details/167 tanşyp bilersiňiz.
- Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +99365811116.
- E-mail: 65811116tm@gmail.com