17-nji aprelde Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty (TMDDI) bilen bilelikde 16-njy Halkara hytaý diliniň gününe bagyşlap, tematiki çäre geçirer.
Maksatnamanyň çäklerinde myhmanlar üçin hytaý medeniýetine bagyşlanan sergi guraljakdyr. Çäräniň aýratynlygy bolsa, hytaý dilinde sözleýiş ussatlygynyň bäsleşiginiň we medeni çykyşlaryň göni ýaýlyma berilmegidir.
BMG tarapyndan 2010-njy ýylda esaslandyrylan Halkara hytaý diliniň güni resmi taýdan 20-nji aprelde bellenilýär. Bu sene hytaý ýazuwynyň esaslandyryjysy, meşhur San Szeniň hatyrasyna saýlanyp alnypdyr.