Abu Aly ibn Sina (Awisenna) çagalygyndan täsin ukyplylygy bilen deň-duşlaryndan saýlanypdyr. Ol 10 ýaşyna çenli Gurhany ýatdan öwrenmegi başarypdyr, 12 ýaşyna ýetende, onuň bilimine, aň-düşünjesine we gözýetiminiň giňligine köpler haýran galypdyr, 16 ýaşyna ýeteninde, ony Buhara emirini bejermek üçin çagyrýarlar. Ol şol döwürde lukmançylyk we täze bejeriş usullaryny işläp düzmek bilen gyzyklanýan eken.
Abu Aly ibn Sina tebigaty özüniň iň ýakyn dosty, ynsanyň melhem çeşmesi hasaplapdyr. Öz bejeriş usullarynda “tebigy dermanhanadan” peýdalanypdyr. Ol ömrüniň dürli döwürlerinde Samany emirleriniň we Deýlemit soltanlarynyň köşk lukmany, şeýle hem Hemedanda wezir bolup işläpdir. Ibn Sina özüniň uçursyz ýatkeşligi, çuňňur pikirlenmäge ökdeligi bilen, öz döwürdeş alymlaryny haýran galdyrypdyr. Zehinli alym lukmançylykdan başga-da ylmyň köp görnüşlerinden baş çykarypdyr.
Abu Aly ibn Sinanyň belli eserlerinden “Sagalmak kitaby”, “Lukmançylyk ylmynyň kanunlary”, “Abatlanyş” ýaly kitaplary meşhur ylmy-lukmançylyk ensiklopediýalaryna öwrüldi. Olar logika, biologiýa, psihologiýa, aýdym-saz, astronomiýa ýaly ugurlary bagyşlanýar. Keselleriň beýany, mysal üçin, süýji keseli, beýniniň merkezi organ hökmünde işlemegi; derman serişdelerini öndürmegiň we ulanmagyň usullary; balyň bejeriş ähmiýeti “Kanunlarda” esasy orny eýeleýär.
Il arasynda Lukman Hekim adyny alan bu alym öz güýjini, saglygyny, ýaşlygyny, durmuşyny dünýä akyl ýetirmek üçin bagyş eden adamdyr. Ol Müsürdäki Kair obserwatoriýasy, Eýrandaky Reý obserwatoriýasy we halyf Mamunyň Merkezi Aziýadaky Akademiýasy ýaly iri ylmy merkezleriň alymlarydyr işleri bilen ýakyndan tanyş bolupdyr.