Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Adam bedeni hakda gyzykly maglumatlar

0
15739

Adamyň bedeni lukmançylyk tehnologiýalarynyň iň ýokary derejede ösen häzirki döwründe-de alymlary geň galdyrmagyny dowam etdirýär. Alymlar bedenimiziň täze aýratynlyklaryny yzygiderli açýarlar, olaryň köpüsi ajaýyp ýaly hem görünse-de, bu açyşlara soňlanma ýok. Gyzyklanma üçin, ine, adam bedeniniň işleýşi barada iň täsin ylmy maglumatlar hökmünde şulary belläp bileris.

Bir minutlap dowam edýän öpüş, takmynan, 6,4 kaloriýa ýakýar. Öpüş wagtynda bu iki adamyň arasynda 278 görnüşli bakteriýa alyş-çalşygy bolýar.

Adam bedeni iýmitsiz 30 — 40 günden, suwsuz 3 — 5 günden, howasyz bolsa 6 minutdan köp ýaşap bilmeýär.

Gan aýlanyş ulgamyndaky basyş şeýle bir güýçli welin, hatda teoretiki taýdan bellenilişine görä, 10 metre çenli gany syçradyp bilýär.

Bir gije-gündiziň dowamynda bedendäki aýlanýan gany örän uzak aralygy — takmynan 97 000 kilometri akýar.

Beden ömrüň dowamynda takmynan 450 kilogram gyzyl gan öýjüklerini öndürýär. Täsin ýeri, gan plazmasy biohimiki düzümi boýunça deňiz suwuna meňzeýär.

Uly adamyň ýüregi erkeklerde we aýallarda dürli agramlara eýedir: degişlilikde, ortaça 300 we 270 gramdyr. Şol bir wagtyň özünde erkegiň ýüregi aýalyň ýüreginden birneme haýal urýandyr.

Deri adam bedeniniň iň uly organy, bagyr bolsa iň agyr içki organydyr.

Dil bedeniň iň güýçli myşsasy hasaplanýar.

Böwreklerde bir million mikroskopik turbajyklar bar, olaryň umumy uzynlygy iki böwrekde 65 kilometre ýetýär.

Öýkeniň düz bölekligine umumy meýdany takmynan 100 inedördül metre barabardyr.

30 ýyldan soň, adamyň boýy kem-kemden peselip başlaýar.

Adamyň gulagy bütin ömrüniň dowamynda ösmegini dowam etdirýär.

Blondinkalaryň sakgallary brunetleriňkiden has çalt ösýär.

El barmaklarynyň dyrnaklary aýak dyrnaklaryndan dört esse çalt ösýär.

Ömrüniň dowamynda adamyň saçlary 950 kilometrden gowrak ösýär.

60 ýaşa çenli adamlar tagam reseptorlarynyň ýarysyny ýitirýärler.

Ynsan gözi 10 million reňki tapawutlandyrmaga ukyplydyr.

Gök gözli adamlar agyrylary has duýgur kabul edýärler.

Derä el degirmek oňurga ýiligine sekuntda 170 metr tizlige ýetýän elektrik impulsyny berýär.

Aýallar erkeklere garanyňda gözlerini iki esse köp gyrpýarlar.

Adamlaryň 30%-inden gowragy ýagtylykda asgyrýarlar, şeýle hem gözüňi açyp asgyrmak fiziki taýdan asla mümkin däldir.

Hatda gysgajyk bir sözlemi aýtmak üçinem 72 myşsanyň hereket etmegi gerek bolýar.

Gysga möhletli ýat bir wagtyň dowamynda 5 — 9 sany meseläni gaýtadan işlemäge ukyplydyr.

Dünýäde iň köp ýaýran ýokanç kesel kariesdir.

Prostatit bilen diňe adamlar we itler keselleýärler.

Eşidiş ukybynyň peselmeginiň sebäplerinden biri artykmaç iýmitlenmek bolup biler.

Bir günüň dowamynda çekilen bir gap çilim bedende bir käsä deň mukdarda smola döredýär.

Peýdalanylan çeşme: mcprofessor.ru

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar