Ilki synag etmek maksady bilen Aşgabada getirilen, uzynlygy 12 metr bolan «Yutong» kysymly sowadyjyly ýolagçy awtobusy şu günler paýtagt şäheriň şaýollarynda hereket edýär. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, bu awtobus üç gapyly bolup, onuň hereketlendirijisi ekologik häsiýetli «Euro 5» ölçeglerine laýyk gelýär. Onda ulag hyzmaty üçin töleg geçirilişi sanly ulgam arkaly amala aşyrylýar. Awtobusda ulaga münýän we ondan düşýän ýolagçylaryň hasabyny ýöredýän abzallar gurnalan. Şeýle hem onda ýolagçylar üçin sowadyjy enjam hem bar. Awtobusda JPS ulgamynyň we gurnalan wideokameralaryň 10-synyň kömegi bilen, wideogözegçilik arkaly ulagyň hereketine we sürüjiniň işine gözegçilik etmek üçin ornaşdyrylan häzirki zaman intellektual ulgamy bar.
Synag edilýän täze awtobusda ses we şekil ulgamyna degişli enjamlar, Wi-fi router, el telefonlaryna elektrik gujur berijiler, mümkinçiligi çäkli ýolagçylar üçin enjam hem-de ýolugrunda haýsy duralgalara gelnendigini habar berýän enjam hem bar.
Aşgabada ýakynda getirilen bu täze, döwrebap awtobus synag işlerinden üstünlikli geçensoň, paýtagtyň ýaşaýjylarynyň hyzmatyna berler.
Ozal habar berşimiz ýaly, 10-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken degişli Kararyna laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligine 700 sany «Yutong ZK6128HG» kysymly awtobusy satyn almak barada Hytaý Halk Respublikasynyň «Yutong Bus Сo.,Ltd.» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.