Türkmenistanda YHG-niň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumy geçiriler, TNGIZT-de suw üpjünçilik desgalaryny döwrebaplaşdyrmak meýilleşdirilýär, Çagyryş ligasynyň finalynda «Arkadagyň» garşydaşy mälim boldy we beýleki habarlar
Türkmenistanda
1. 2025-nji ýylyň aprelinde Arkadag şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumy geçiriler. Foruma gatnaşyjylar Durnukly ösüş maksatlarynyň wezipelerini çözmegiň ýollaryna gararlar, şeýle hem gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek üçin hemmetaraplaýyn strategiýalary ara alyp maslahatlaşarlar. Duşuşygyň netijeleri boýunça Jemleýji resminamany kabul etmek meýilleşdirilýär.
2. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň suw üpjünçilik desgalaryny we ulgamlaryny döwrebap ýagdaýa getirmek boýunça teklibi makullady. Bu çözgüt önümçilik üçin suwuň zerur bolan möçberi bilen toplumy bökdençsiz üpjün etmäge gönükdirilendir.
3. Türkmenistanda Liwiýa Döwletiniň Medeniýet günlerini geçirmäge taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Çäräniň açylyş dabarasy Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçiriler. Medeniýet günleriniň çäklerinde arap kolligrafiýasynyň we Liwiýanyň milli lybaslarynyň, kitap we milli tagamlarynyň sergisi guralar. Çäräniň maksatnamasynda myhmanlaryň Aşgabadyň gözel ýerlerine, seýilgählerine we muzeýlerine baryp görmekleri göz öňünde tutulýar.
https://turkmenportal.com/blog/90138/v-turkmenistane-proidut-dni-kultury-livii
4. Türkmenistanda geljek ýyllaryň dowamynda Halkara sergiler býurosy bilen bilelikde oba hojalyk ugry boýunça ýöriteleşdirilen «EKSPO» halkara sergisini geçirmegiň mümkinçilikleri öwrenilýär. Başlangyjyň çäklerinde bu sergini geçirmek boýunça ýörite gaznany döretmek we iri halkara kompaniýalar bilen gepleşikleri geçirmek teklip edilýär.
Dünýäde
1. Pariždäki meşhur diňiň 135 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek zenan alymlaryň atlary Eýfel diňine ýazylar. Diň 1889-njy ýylda gurlaly bäri, ikinji ýarusda 72 sany görnükli erkek alymlaryň atlary altyn harplar bilen ýazylyp, ebedileşdirildi, ýöne olaryň arasynda ýekeje-de zenan ýok. Taryhy adalaty dikeltmek üçin Parižiň häkimiýeti ylmy ösüşe möhüm goşant goşan aýallaryň atlaryny goşmak kararyna geldi. Taslamany durmuşa geçirmek üçin ýörite komitet döredildi.
2. Ýuwaş ummanda ýerleşýän çetki ada döwleti bolan Tuwaluda ilkinji gezek bankomatlar oturdyldy. Şol wagta çenli ýaşaýjylar elektron bank hyzmatlaryndan peýdalanyp bilmeýärdiler. Ozal ýurtdaky ähli maliýe amallary diňe nagt görnüşinde amala aşyrylýardy. Aýlyk zähmet haklary berilýän günleri işgärler bankda uzyn hatarlarda durmaly bolýardylar, bank bolsa sagat 14:00-da ýapylýardy. Azyk, myhmanhanada ýerleşmek we dürli hyzmatlar üçin töleg hemişe diýen ýaly kagyz pullar bilen amala aşyrylýardy. Tuwalunyň takmynan 12 müň ilaty bar. Takmynan, 6 müň müşderiniň täze bank tehnologiýalaryny ulanmagyna garaşylýar.
Sport täzelikleri
1. AFK-nyň Çagyryş ligasynyň finalynda Türkmenistanyň «Arkadag» toparynyň garşydaşy Kambojanyň günorta-gündogaryndaky adybir şäherden «Swaý Riýeng» kluby bolar. Ýaryşyň ikinji ýarym final oýnunda Kambojanyň topary Indoneziýanyň «Madura Ýunaýtedi» bilen deňme-deň (3:3) oýnady, ýöne öz meýdançasynda 3:0 hasabynda ýeňiş gazanandygy üçin finala çykdy. Ýatlatsak, çarşenbe güni «Arkadag» öz meýdançasynda Çagyryş ligasynyň ýarym finalynyň jogap duşuşygynda Kuweýtiň «Al-Arabi» toparyny 3:0 hasabynda ýeňdi. Ýaryşyň finaly 10-njy maýda «Swaý Riýeng» stadionynda geçiriler, oýun Aşgabat wagty bilen 17:00-da başlar.