Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistan» awiakompaniýasy halkara ugurlary boýunça çaga biletlerine aksiýa badalga berýär

14:5509.04.2025
0
54476

Türkmenistanyň milli howa gatnawlary kompaniýasy çagaly maşgalalar üçin täze ýörite teklibe badalga berdi. «Türkmenistan» awiakompaniýasy halkara ugurlaryň altysy boýunça çaga biletlerine aksiýa yglan etdi.

«Türkmenistan» awiakompaniýasyndan berlen maglumatlara görä, Türkmenistanyň raýatlary aşakdaky ugurlar boýunça uçuşlary meýilleşdirenlerinde amatly tekliplerden peýdalanyp bilerler:

  • Aşgabat – Kuala-Lumpur – Aşgabat
  • Aşgabat – Hoşimin – Aşgabat
  • Aşgabat – Bangkok – Aşgabat
  • Aşgabat – London – Aşgabat
  • Aşgabat – Frankfurt – Aşgabat
  • Aşgabat – Milan – Aşgabat

Aksiýa iki aýyň dowamynda - 2025-nji ýylyň 1-nji maýyndan 30-njy iýunyna çenli hereket eder. Bu türkmen maşgalalary üçin tomus dynç alyşlaryny we çagalar bilen syýahaty has amatly şertlerde guramak üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

Awiakompaniýa ýörite nyrhlar we geçirilýän aksiýasynyň şertleri baradaky jikme-jik maglumatlary almak üçin Türkmenistanyň çägindäki uçar gatnawlarynyň bilet satylýan kassalaryna ýüz tutmagy maslahat berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň